HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Litwanyň täze Ilçisi wezipesine girişmek üçin Aşgabada geldi

Maý 15, 2025 | 23:55 |5059
15-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kýastutis Waşkelýawiçýus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy15-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kýastutis Waşkelýawiçýus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Çeşme: mfa.gov.tm

15-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kýastutis Waşkelýawiçýus bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ahmet Gurbanow doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistanyň DIM-niň habarynda bellenilişi ýaly, Litwa Respublikasynyň Ilçisi öz wezipesini Baku şäherindäki rezidensiýasyndan ýerine ýetirer.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada durup geçdiler. Olar Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anykladylar.

posol-litvy-ashhabad (1).jpg

Iki döwletiň köptaraplaýyn meýdançalarda alyp barýan işleri, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Litwanyň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.

Litwa Respublikasynyň Ilçisi Kestutis Waşkelýawiçýus penşenbe güni parlamentde geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda diplomata döwletimiziň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän döwlet syýasaty barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi we alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ilkinji koddan ilkinji syýahata çenli: Turkish Airlines TEKNOFEST festiwalynda ýaşlar bilen nähili işleýär

Ilkinji koddan ilkinji syýahata çenli: Turkish Airlines TEKNOFEST festiwalynda ýaşlar bilen nähili işleýär

19:10 Oktýabr 02, 2026
Güneydoğu içinden TEKNOFEST: Şanlyurfadaky tehnologiýalar, medeniýet we janly duýgular

Güneydoğu içinden TEKNOFEST: Şanlyurfadaky tehnologiýalar, medeniýet we janly duýgular

18:20 Oktýabr 02, 2026
Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

13:40 Oktýabr 02, 2026