Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Trabzon we Rize türkmen žurnalistlerini garşy alýarlar: Türkiýäniň demirgazyk sebitleri boýunça metbugat-syýahaty

Maý 15, 2025 | 21:45 |14032
Türkmenistanyñ köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri Gara deňziň gözel kenarynda ýerleşýän Trabzon we Rize şäherlerine guralan metbugat-syýahatyna gatnaşýarlarTürkmenistanyñ köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri Gara deňziň gözel kenarynda ýerleşýän Trabzon we Rize şäherlerine guralan metbugat-syýahatyna gatnaşýarlar
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyñ köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri Gara deňziň gözel kenarynda ýerleşýän Trabzon we Rize şäherlerine guralan metbugat-syýahatyna gatnaşýarlar. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar Türkiýäniň demirgazyk sebitleriniň medeni we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşýarlar.

Metbugat-syýahaty Aşgabat halkara howa menzilindäki hasaba alnyşyk bilen başlandy. Trabzona barýan ýol Stambul arkaly geçdi: ilki bilen Bosfor boýundaky şähere uçar gatnawy amala aşyryldy, soňra bolsa Trabzona gysga we amatly uçuş bilen ýol dowam etdirildi. Stambul howa menzilindäki garaşmak takmynan iki sagat dowam etdi, bu bolsa uzak wagt garaşmalary aradan aýyrdy. 1 Gatnaşyjylar Turkish Airlines awiakompaniýasynyň ucuş amatlylygyny aýratyn bellediler. Ýolagçylaryň ýüklerini ahyrky nokada - Trabzona çenli tabşyrmak mümkinçiligi Stambuldaky geçelgede goşmaça aladalardan halas etdi. Uçarda elýeterli bolan Wi-Fi hyzmaty syýahaty has-da amatly etdi: ýolagçylar messenjerler arkaly ýakynlary bilen aragatnaşyk saklap bildiler. Internet hyzmatyndan peýdalanmak üçin oturgyç belgi we at görkezilmeli, mugt hyzmatdan peýdalanmak üçin bolsa Miles&Smiles programmasyna agza bolmaly — bu öňünden ýa-da uçuş wagtynda amala aşyrylyp bilner. 2 Trabzona baranlarynda wekiliýet Mercure Hotel Trabzon atly bäş ýyldyzly, rahat myhmanhanada ýerleşdi. Şol ýerden bu sebitiň taryhy we medeni ýerleri bilen tanyşlygyň gyzykly bölegi başlandy. Gatnaşyjylary gözel daglyk tebigaty we meşhur çaý plantasiýalary bilen tanalýan Rize şäherindäki gezelençler hem garaşýar. 3 Trabzonda we Rizede nähili ýerleri görmeli, nämeleri dadyp görmeli we nähili duýgylary başdan geçirmeli — bu baradaky maglumatlary indiki habarlarymyzda okap bilersiňiz.

Metbugat-syýahaty Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy hem-de Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi (Kültür ve Turizm Bakanlığı) tarapyndan guraldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026