HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “Petronas” we “ADNOC” bilen täze nebitgaz şertnamalary baglaşyldy

Maý 15, 2025 | 12:45 |54984
Içerki ýangyç we energiýa toplumynyň we ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara derejeli duşuşygyň çäginde Türkmenistandaky Toplum I gaz kondensat känlerini üçin önümi paýlaşmak hakynda täze şertnamasyna, şeýle hem gaz üpjünçiligi baradaky uzak möhletleýin şertnama gol çekildiIçerki ýangyç we energiýa toplumynyň we ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara derejeli duşuşygyň çäginde Türkmenistandaky Toplum I gaz kondensat känlerini üçin önümi paýlaşmak hakynda täze şertnamasyna, şeýle hem gaz üpjünçiligi baradaky uzak möhletleýin şertnama gol çekildi
Çeşme: Petronas

Aşgabat, 14-nji maý | ORIENT. Içerki ýangyç we energiýa toplumynyň we ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara derejeli duşuşygyň çäginde Türkmenistandaky Toplum I gaz kondensat känlerini üçin önümi paýlaşmak hakynda täze şertnamasyna, şeýle hem gaz üpjünçiligi baradaky uzak möhletleýin şertnama gol çekildi. Bu resminamalara Abu-Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) maýa goýum bölümi bolan Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy, “XRG” kompaniýasy, “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň hem-de “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konserninleriniň arasynda gol çekildi. Bu duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet berdi.

PETRONAS-yň metbugat beýanatynda habar berilişi ýaly, Toplum I üçin täze ÝGN (şertnama Hazar deňzinde ýerleşýär) şertlerine laýyklykda, PETRONAS 57% paý bilen operator hökmünde çykyş eder. XRG (38% paý) bilen hyzmatdaşlykda, galan 5%-ine eýeçilik edýän “Hazarnebit” döwlet kärhanasy bilen işleşerler.

Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gönüden-göni gaz üpjünçiligi barada uzak möhletleýin şertnama gol çekildi.

“PETRONAS”-nyň beýanynda, häzirki wagtda Toplum I günde takmynan 400 million kub fut möçberinde tebigy gazyň çykarylýandygy we 7 trillion kub metrden gowrak tebigy gaz baýlyklaryna eýe bolmak, şeýle hem önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin geljekki mümkinçilikleri hödürlemek bilen uzak möhletli gelejegiň bardygy bellenilýär.

Ylalaşyklar Türkmenistanyň energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmek we eksporty diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalaryny goldamak üçin niýetlenendir, şol bir wagtyň özünde sebit we ählumumy dereje tebigy gaza bolan isleginiň artmagy bilen ähli taraplar üçin durnukly ösüşi we ykdysady gymmaty döretmäge ýardam eder.

“PETRONAS” kompaniýasynyň Gözleg we önümçilik boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahabyň belleýşi ýaly, resminamalara gol çekişilmegi, kompaniýanyň Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Bu ýerde “PETRONAS” eýýäm 30 ýyldan gowrak wagt bäri ilkinji halkara operatory bolmagynda galýar. Ol kompaniýanyň ýurduň energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändigini mälim etdi.

“XRG”, “International Gas”-niň ýolbaşçysy Mohamed Al-Arýani bu şertnamanyň BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak esasynda “XRG”-iň ählumumy ösüş strategiýasynda möhüm tapgyrdygyny belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, bu hyzmatdaşlyk “XRG”-niň Hazar deňziniň sebitindäki gatnaşygyny güýçlendirýär, serişdeler binýadyny giňeldýär we kompanilaryň arassa energiýa bilen üpjün ediji bolmak, energiýa howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi öňe sürmek islegini görkezýär.

TDH habaryna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi bellendi. Ynanyşmak we özara bähbitlik esasynda iri kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalara esaslanyp pudagy ösdürmek üçin ösen tehnologiýalary, innowasion usullaryny we dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmegiň mümkinçiligine üns çekdi.

петронас.png

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026