HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ mekdep okuwçylary Braziliýada geçirilen Mendeleýew olipmiadasyna gatnaşdylar

Maý 13, 2025 | 13:30 |5064
5-12-nji maý aralygynda Braziliýanyñ Belu-Orizonti şäherindäki Minas-Žeraýs Federal uniwersitetiniñ binýadynda mekdep okuwçylaryñ arasynda himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasy (ММО-59) geçirildi5-12-nji maý aralygynda Braziliýanyñ Belu-Orizonti şäherindäki Minas-Žeraýs Federal uniwersitetiniñ binýadynda mekdep okuwçylaryñ arasynda himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasy (ММО-59) geçirildi
Çeşme: rsr-online.ru

5-12-nji maý aralygynda Braziliýanyñ Belu-Orizonti şäherindäki Minas-Žeraýs Federal uniwersitetiniñ binýadynda mekdep okuwçylaryñ arasynda himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasy (ММО-59) geçirildi. Ilkinji gezek Latyn Amerikada geçirilen ýaş himikçileriñ iñ ýokary görkezijili bu ýaryşy 40 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan hem iñ köp gatnaşyjyny ýygnady. Milli toparyñ adyndan hemişeki halypasy bolan himiýa mugallymy Nazar Mämmedowyñ ýolbaşçylygyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyñ ýokary synp okuwçylary wekilçilik etdiler.

MMO-59 olimpiadanyñ açylşynda RF-iñ wise-premýeri Dmitriý Çernyşow, bilim ministri Sergeý Krawsow, şeýle hem Minas-Žeraýs ştatynyñ gubernatory Romeu Zema wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyjylara ýüzlenip, olary mähirli gutladylar. "Minas-Žeraýs özünde ilkinji gezek himiýa boýunça 59-njy Halkara Mendeleýew olimpiadasyny kabul edýändigine buýsanýar. Bu ÝUNESKO-nyñ ýolbaşçylygynda geçirilýän dünýäniñ iñ köne we abraýly ylmy olimpiadalaryñ biridir. Biz ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara işjeñ maýa goýumlary çekýäris. Soñky alty ýylyñ dowamynda bütin ştat boýunça tehnologiýa we innowasiýa babatdaky syýasatyñ giñeldilmegine milliard realdan köp möçberde serişde çykaryldy" - diýip, Russiýanyñ rektorlar birleşiginiñ saýty gubernatoryñ sözlerini getirýär.

Ýaryşa gatnaşanlar üç tapgyrdan geçdiler: iki nazary we bir amaly. Birinji tapgyrda mekdep okuwçylary himiýanyñ dürli ugurlaryndan sekiz hökmany meseläni çözmelidi. Ikinji nazary tapgyrda himiýanyñ organiki, organiki däl, fiziki, derñew ýaly ugurlaryndan we ýaşaýyş baradaky ylymlardan üç meseleden ybarat 5 bloklar hödürlendi. Olimpiadanyñ amaly ýa-da tejribe tapgyry birnäçe sagatlap dowam etdi, onuñ dowamynda mekdep okuwcylary himiýa barlaghanasynda işlemekde özüniñ ukyp-başarnyklaryny görkezdiler: maddalaryñ himiki derñewini ýerine ýetirmek hem-de teklip edilen usulyýet boýunça sintez geçirmek.

Halkara Mendeleýew olimpiadasynyñ ýeñijileri altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanýar. Ýeñijileriñ sany gatnaşyjylaryñ sanyndan alnan göterim bilen kesgitlenilýär. Umumy sandan 10 % - altyn, 15 % - kümüş, 20 % - bürünç medallara eýe bolýar. Anyk sany halkara eminler topary kesgitleýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026