HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenfilm” III Bişkek halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Maý 13, 2025 | 20:40 |4295
11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda III Bişkek halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa türkmen kino sungatynyň wekilleri hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň film bäsleşikleriniň maksatnamasyna Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň düşüren “Kitap” çeper filmi gatnaşar11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda III Bişkek halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa türkmen kino sungatynyň wekilleri hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň film bäsleşikleriniň maksatnamasyna Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň düşüren “Kitap” çeper filmi gatnaşar
Çeşme: minculture.gov.kg

11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda III Bişkek halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa türkmen kino sungatynyň wekilleri hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň film bäsleşikleriniň maksatnamasyna Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň düşüren “Kitap” çeper filmi gatnaşar. Bu kino eseriň edebi esasy bolup Nurmyrat Saryhanowyň adybir hekaýasy hyzmat etdi. Hekaýa Welmyrat aganyň mysalynda türkmeleriň ruhy gymmatlyklara bolan garaýşy barada beýan edýär. Welmyrat aga bir wagtlar özüniň iner maýasyny Magtymgulynyň goşgular ýygyndysana çalşyp, maşgala keramatlygyna öwrülen bu kitaby hiç bir pula çalyşmaga razy bolmady.

Film 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Türki dünýäsiniň IV Gorkut ata Halkara kinofestiwalynyň çäklerinde görkezildi. Bu ýyl “Türkmenfilm”-iň bu kino eseri Türkiýäniň Izmir şäherinde 3-6-njy maý aralygynda geçirilen “Turan” II Halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy.

Bişkek halkara kinofestiwaly ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 17-21-nji noýabry aralygynda geçirildi we Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Ol Türk kinosynyň hepdeligi, Aýtmatowyň ylmy-amaly forumy, Merkezi Aziýanyň filmleriniň görkezilişi, halkara we milli çeper filmleriniň bäsleşikleri ýaly birnäçe medeni çärelerden ybarat boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026
Botswananyň Prezidenti BMG-niň Afrikany kartalarda has dogry görkezmek baradaky başlangyjyny goldady

Botswananyň Prezidenti BMG-niň Afrikany kartalarda has dogry görkezmek baradaky başlangyjyny goldady

13:00 Oktýabr 19, 2026