HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek: Google täze logotip bilen çykyş etdi

Maý 13, 2025 | 10:08 |4934
Amerikanyň tehnologiýa ägirdi Google soňky on ýylda ilkinji gezek öz korporatiw logotipini täzeledi, bu barada 9to5google neşiri habar berdiAmerikanyň tehnologiýa ägirdi Google soňky on ýylda ilkinji gezek öz korporatiw logotipini täzeledi, bu barada 9to5google neşiri habar berdi
Çeşme: postnews.ru

Amerikanyň tehnologiýa ägirdi Google soňky on ýylda ilkinji gezek öz korporatiw logotipini täzeledi, bu barada 9to5google neşiri habar berdi 9to5google.

Täze dizaýniñ çäginde kompaniýa "G" harpyna üýtgeşmeler girizdi – öňki düşnükli reňk bloklarynyň ýerine, indi geçişli gradient ulanyldy. Şol bir wagtda Google-yň tanymal şrifti üýtgemän galdy. Täze logotipiň görnüşi eýýäm iOS operasion ulgamynda Google goşundysynda peýda boldy. Emma Android ulanyjylary we web-brauzer arkaly girýänler häzire çenli köne nyşany görýärler.

Google-yň logotipi soňky gezek 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda täzelenipdi. Şonda kompaniýa şrifti üýtgedip, kiçi “g” harpynyň ýerine uly “G” harpyny ornaşdyrypdy.

Gyzykly tarapy, bu täzelikden birneme öň, 6-njy maýda Google täze Material 3 Expressive täze interfeýs stiliniň suratlaryny paýlaşdy. Bu stil geljekki Android 16-da peýda bolar. Işläp taýýarlaýjylar bu dizaýny Android ulgamynyň taryhyndaky iň çylşyrymly we seresaply taýýarlanan görnüşi diýip häsiýetlendirdiler.

Material 3 Expressive stiliniň resmi tanyşdyrylyşy 20–21 maýda geçiriljek Google I/O Google-yň ýyllyk konferensiýasynda bolup geçer. Şol çärede kompaniýanyň Android 16-nyň täze görnüşini hem görkezmegi meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Google ozal iPhone enjamlaryna öz emeli aň tehnologiýalarynyň tiz wagtda ornaşdyrylmagy barada hem habar beripdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026