HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Günorta Koreýa atçylyk we atçylyk medeniýeti ulgamynda hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar

Maý 11, 2025 | 23:45 |3257
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew Kyongido welaýatynyň Koyang şäherindäki Koreýanyň at münmek medeniýeti boýunça ylmy-barlag institutynyň direktory Ko Son Kýu bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew Kyongido welaýatynyň Koyang şäherindäki Koreýanyň at münmek medeniýeti boýunça ylmy-barlag institutynyň direktory Ko Son Kýu bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: korea.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Begenç Durdyýew Kyongido welaýatynyň Koyang şäherindäki Koreýanyň at münmek medeniýeti boýunça ylmy-barlag institutynyň direktory Ko Son Kýu bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy temasy atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we atçylyk medeniýeti boýunça tejribe alyşmak boldy.

Duşuşygyñ dowamynda Ilçi Durdyýew koreýaly kärdeşine Türkmenistanyň Prezidentiniñ we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek we atçylyk sporty giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan başlangyçlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, ol "Türkmenatlary” döwlet birleşigi we Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işi barada maglumat berdi.

Ilçi Durdyýew halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň möhümdigini belläp, at münmek medeniýeti boýunça Koreýada tanalýan bilermen jenap Ko öz ýurduny Halkara ahalteke atçylyk birleşiginde wekilçilik etmek mümkinçiliklerini göz öňünde tutmagy teklip etdi.

1.jpg

Öz gezeginde, jenap Ko Son Kýu Türkmenistanda atçylyk sportynyň ösüşine berilýän üns üçin çyn ýürekden hoşallygyny bildirdi. Ol 2016-njy ýylda Türkmen bedewiniň Milli baýramyna gatnaşan wagtyndaky täsirli ýatlamalaryny ýatlap, ahalteke atlarynyň özboluşly häsiýetleri we gözelligi barada aýratyn buýsanç bilen aýtdy. Koreýaly bilermen bu ugurda Türkmenistan bilen geljekki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda Halkara ahalteke atçylyk birleşigine goşulmak başlangyjyna uly gyzyklanma bildirdi.

Şeýlelikde, duşuşyk Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda taryhy taýdan möhüm we ähmiýetli ugur bolan atçylyk we atçylyk medeniýeti babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan özara gyzyklanmany görkezdi we bilim hem-de tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.

2.jpg

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026