HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG-niň Wenadaky Hemişelik geňeşiniň mejlisinde Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli beýannama edildi

Maý 09, 2025 | 15:35 |3948
8-nji maýda ÝHHG-niň Wenadaky Hemişelik geňeşiniň mejlisinde Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly on ýurduñ diplomatlary Ikinji jahan urşyndaky nasizme garşy gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki beýannama bilen çykyş etdiler8-nji maýda ÝHHG-niň Wenadaky Hemişelik geňeşiniň mejlisinde Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly on ýurduñ diplomatlary Ikinji jahan urşyndaky nasizme garşy gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki beýannama bilen çykyş etdiler
Çeşme: vpk.name

8-nji maýda ÝHHG-niň Wenadaky Hemişelik geňeşiniň mejlisinde Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly on ýurduñ diplomatlary Ikinji jahan urşyndaky nasizme garşy gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki beýannama bilen çykyş etdiler.

"80 ýyl mundan ozal Ikinji jahan urşunda nasizme garşy Ýeňiş gazanyldy. Bu mukaddes senäni hatyralaýarys we ýatlaýarys! Soýuzdaşlaryň bilelikdäki ýarag güýji bilen gazanylan bu ýeňiş, nebereleriň geljegini kesgitleýän, adamzada garşy duşmançylygyñ we milletparazlagyñ ýokanç ideologiýalaryň ýeňilmegi bilen netijenlendi. Şol ýyllaryň pajygaly wakalaryny hem-de parahatçylyk we geljek nesilleriň rowaçlygy üçin söweşen we pida bolan millionlarça adamyň gahrymançylygyny ýatlamak we taryhy hakykaty saklamak biziň umumy borjumyzdyr» diýlip, beýannamada bellenilýär.

BELTA-nyň maglumatyna görä, resminamada Ikinji jahan urşunyň netijelerini üýtgetmäge ýa-da galplaşdyrmaga edilýän synanyşyklaryň, şeýle hem Sowet Soýuzyna girýän halklaryň we Ýewropa ýurtlarynyň azat ediş hereketleriniň gatnaşanlarynyň nasizmi ýeňmekdäki ornunyň kiçeldilmeginiň kabul ederliksizdigi nygtalýar. Şeýle hem, ähli milletleriň azat edijileriniň hatyrasyna gurulan ýadygärlikleriň we guburlaryň weýran edilmegi ýa-da masgaralanmagy, olaryň haýsy ýurtlarda ýerleşýändigine garamazdan, ýazgarylýar. "1945-nji ýylda nasizme garşy gazanylan Ýeňiş, 1975-nji ýylyň awgustynda gol çekilen ÝHHG-niň Jemleýji Namanyñ esaslaryny goýdy" - diýlip, beýannamada aýdylýar.

Resminamada halkara jemgyýetçiliginiň aglaba böleginiň geçmişdäki pajygaly ýalňyşlaryň gaýtalanmagyna ýol bermezlik baradaky tutanýerliligi we geljegi agzybirlik ýörelgeleri esasynda gurmak islegi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Nasizmiň gahrymanlaşdyrylmagyna, neonasizmiň we häzirki wagtda giňden ýaýran rasizmiň, milli diskriminasiýanyň, ksenofobiýanyň we olar bilen baglanyşykly çydamsyzlygyň ýaýramagyna ýardam berýän beýleki çärelere garşy göreş” atly Kararnama goldanýar.

Beýannamada ähli ýurtlara we halklara Ikinji jahan urşunda Ýeňşi gazananlaryň hatyrasyny bellemek, umumy taryhyň sapaklaryny unutmamak we neonasizmiň islendik görnüşine hem-de onuň gahrymanlaşdyrylmagyna garşy göreşde tagallalary birleşdirmek üçin çagyryş beýan edilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026