Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşigi geçirdiler

Maý 09, 2025 | 01:55 |4805
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Jeýhun Baýramow 8-nji maýda telefon arkaly gepleşigi geçirdilerTürkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Jeýhun Baýramow 8-nji maýda telefon arkaly gepleşigi geçirdiler
Çeşme: mfa.gov.az

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Jeýhun Baýramow 8-nji maýda telefon arkaly gepleşigi geçirdiler.

Diplomatlar häzirki gün tertibinde bar bolan iki ýurduň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki halkyň arasynda taryh boýunça emele gelip, däbe öwrülen dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk aragatnaşygyň esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde döwlet Baştutanlaryň derejesinde syýasy dialogyň, ikitaraplaýyn saparlaryň amala aşyrylmagynyň, şeýle hem daşary işler ministrlikler ugrunda geňeşmeleriň wajyplygy barada bellenildi.

Şeýle hem, ministrler sebit howpsuzlygy, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk we Hazar deňzi meseleleri barada maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda beýleki özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meseleler boýunça pikir alyşmalar bolup geçdi diýip, Azerbaýjanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026