HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aktauda TurkicSkills-2025 hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat geçiriler

Maý 09, 2025 | 19:40 |5501
16 ýaşyndan 22 ýaş aralygyndaky 100-den gowrak ýaş hünärmenler hem-de sekiz ýurtdan – Gazagystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Wengriýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Mongoliýa – 80 sany ýokary derejeli bilermenler türki dünýäsiniñ medeni paýtagty Aktauda geçjek türki dilli ýurtlaryň arasynda hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat bolan TurkicSkills-2025-e gatnaşar16 ýaşyndan 22 ýaş aralygyndaky 100-den gowrak ýaş hünärmenler hem-de sekiz ýurtdan – Gazagystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Wengriýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Mongoliýa – 80 sany ýokary derejeli bilermenler türki dünýäsiniñ medeni paýtagty Aktauda geçjek türki dilli ýurtlaryň arasynda hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat bolan TurkicSkills-2025-e gatnaşar
Çeşme: Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrligi

16 ýaşyndan 22 ýaş aralygyndaky 100-den gowrak ýaş hünärmenler hem-de sekiz ýurtdan – Gazagystan, Türkiýe, Azerbaýjan, Wengriýa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Mongoliýa – 80 sany ýokary derejeli bilermenler türki dünýäsiniñ medeni paýtagty Aktauda geçjek türki dilli ýurtlaryň arasynda hünär ussatlygy boýunça ilkinji çempionat bolan TurkicSkills-2025-e gatnaşar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrligi 9-njy maýda öz saýtynda habar berdi.

Şu ýylyň güýzünde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çäre Gazagystanyň Prezidentiniň yglan eden Zähmet hünärleriniň ýylynyň çäginde guralýar. Berlen maglumata görä, bu giň gerimli başlangyç zähmet hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, hünär taýdan hyzmatdaşlyk giňişligini döretmäge we türki dilli ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda tejribe alyş-çalyşyny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Çempionat ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny öňe sürmek we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenleriñ täze neslini taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolar. Bäsleşikler maglumat tehnologiýalary, gurluşyk we gurluşyk tehnologiýalary, önümçilik we inženerçilik tehnologiýalary, durmuş we şahsy hyzmatlar ýaly 15 esasy ugur boýunça geçiriler. Ykjam robototehnika we uçarmansyz uçarlary dolandyrmak ýaly geljegi uly bolan ugurlara aýratyn üns berler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026