HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga sebitleýin gaz bazaryna çykalga hökmünde garaýar

Maý 09, 2025 | 16:50 |6417
Eýranyñ Milli gaz kompaniýasy daşary ýurt maýasyny çekmek we goňşy ýurtlar bilen energetika gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda tagallalaryny güýçlendirýärEýranyñ Milli gaz kompaniýasy daşary ýurt maýasyny çekmek we goňşy ýurtlar bilen energetika gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda tagallalaryny güýçlendirýär
Çeşme: tehrantimes.com

Eýranyñ Milli gaz kompaniýasy daşary ýurt maýasyny çekmek we goňşy ýurtlar bilen energetika gatnaşyklaryny giňeltmek ugrunda tagallalaryny güýçlendirýär. Ýokary wezipeli işgäriñ aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk sebitleýin gaz söwdasyna ýol açyp biler.

Tähranda geçirilen 29-njy Eýranyñ halkara nebit, gaz, gaýtadan işleýiş we nebit-himiýa sergisiniň çäginde çykyş eden Eýranyñ Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçysy Said Tawakoli ýurduň uzak möhletleýin şertnamalara we goňşy döwletler, aýratyn-da Türkmenistan bilen has çuň hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny aýtdy.

"Prezidentiň we nebit ministriniň sebitleýin berk gatnaşyklaryna üns bermegi gepleşikler we özara hyzmatdaşlyk arkaly anyk netijelere ýetmek islegimizi görkezýär" - diýip, Tawakoli Eýrandaky Türkmenistanyň ilçisi Ilýas Gaýypow bilen duşuşygyndan soň aýtdy.

Tawakoliniň bellemegine görä, Aşgabat bilen energetika gatnaşyklarynyñ gurulmagy dürli ugurlarda giň hyzmatdaşlygyň esasyny döredip biler. "Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygy sebitleýin gaz söwdasynyň başlangyjy bolup durýar we biz onuň dowam etdirilmegine hem-de giňeldilmegine umyt baglaýarys" - diýip, ol belledi.

Şeýle hem, ol gaz alyş-çalyş şertnamalarynyň eýýäm durmuşa geçirilýändigini belläp, Eýranyň ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs serhet nokadyndan tebigy gaz kabul etmäge taýýar bolandygyny aýtdy diýip, Tehran Times anna güni habar berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026