HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan – ŞHG sammitleriniň hormatly myhmany

Maý 06, 2025 | 22:20 |4670
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti 2025-nji ýylyň güýzünde Týanszin şäherinde geçirilip, ol Guramanyň ösüşinde täze tapgyry açarŞanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti 2025-nji ýylyň güýzünde Týanszin şäherinde geçirilip, ol Guramanyň ösüşinde täze tapgyry açar
Çeşme: ont.by

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti 2025-nji ýylyň güýzünde Týanszin şäherinde geçirilip, ol Guramanyň ösüşinde täze tapgyry açar. Bu baradaky pikiri RIA Nowosti beren eksklýuziw söhbetdeşliginde ŞHG-niň baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew beýan etdi. Ol hytaý tarapynyň özüniň ŞHG-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi hem-de öňdäki sammitiň iň ýokary derejede geçirilip, “Hytaý ýylynyň” möhüm wakasy boljakdygy barada habar berdi.

Týanszin sammitine gatnaşyjylar baradaky soraga jogap bermek bilen, baş sekretar sammite gatnaşyjylarynyň düzümi boýunça teklipleriň öňe sürülmegi bu ŞHG-de başlyklyk edýän ýurduň hususy ygtyýary bolup durýandygy barada belläp, synçy-ýurt hökmünde Mongoliýanyň we başlyklyk edýän döwletiň myhmany hökmünde Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine adaty gatnaşyjylary bolup durýandygy barada goşmaça aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Nurlan Ýermekbaýew agentlige ýakyn ýyllar üçin bileleşigiň meýilnamalary we ileri tutulýan ösüş ugurlary barada gürrüň berdi, şeýle hem ŞHG-niň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk işler baradaky maglumat bilen paýlaşdy hem-de sebitde howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Guramanyň kabul edip biljek çäreleri barada aýdyp geçdi.

Şeýle hem, ol Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň düzümine girmek baradaky arzalarda ýetmezçilik duýmaýandygy barada belledi. Sebäbi şu gün, özüniň esaslandyrylmagyndan bäri 24 ýyl geçenden soň hem, ŞHG häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynyň möhüm gatnaşyjysyna öwrüldi hem-de onuň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin, şeýle hem täze demokratik, adalatly, syýasy we ykdysady dünýä düzgünlerini gurmak üçin şertleriň emele gelmegindäki orny hemişe ýokarlanyp durýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026