Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ arasynda her ýylky döredijilik festiwaly yglan edildi


Türkmenistanda ýurduñ ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Merkezi Geñeşi hem-de ýurduñ Bilim ministrligi tarapyndan guralýan "Talyp joşguny-2025" atly her ýylky döredijilik festiwaly yglan edildi. Ýaşlar guramasynyñ saýtynda neşir edilen festiwaly geçirmegiñ tertibi baradaky Düzgünnamada onuñ maksady sungat serişdeleri arkaly ýurduñ gazananlaryny beýan etmek, ýaş nesliñ milli medeniýete we ony talyp gurşawynda wagyz etmek işine gatnaşdyrmak, aýdym-saz, tans sungatlary, edebiýat we halk döredijiligi bilen meşgullanýan ýaşlaryñ arasynda täze zehinleri ýüze çykarmak bolup durýandygy barada bellenilýär.
Festiwal adaty bolşy ýaly, 11 ugur boýunça geçirilýär, olar: “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan edebi-çeper kompozisiýa; Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, Ata Watanymyzy wasp edýän aýdym; Talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdyşyk aýdymy; Talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy; Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş; Talyp durmuşyndan degişme sahnasy; Halk döredijiliginiň eserlerinden parçany ýerine ýetirmek; Goşgylaryñ çeper okalşy; Meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek; Taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly teatrlaşdyrylan sahna oýny; Saz astynda tansly çykyş.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary şu Düzgünnamanyň metbugatda resmi çap edilen senesinden başlap, 2025-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli bije çekmek arkaly öz ýokary okuw mekdebiniň fakultetleriniň arasynda saýlanyp alnan ugur boýunça bäsleşik geçirip, şol bäsleşigiň ýeňijilerinden çeper höwesjeňler toparyny döredýärler we onuň düzümini kesgitläp, ony guramaçylyk toparyna tabşyrýarlar.
Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi özünde geçirilen bäsleşikleriñ ýazgysyny DVD formatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölümine bäsleşigiň geçen senesiniň ertesi tabşyrýar. Ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan çeper höwesjeňler topary 2025-nji ýylyň 1-10-njy iýuny aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanýar.
Ylhamlaryñ we zehiniñ ajaýyp festiwalynda ýokary ussatlyk bilen çykyş eden ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.
ORIENT








