HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ ilçisi Rimdäki Hakyda seýilgähiniñ açylyş dabarasyna gatnaşdy

Maý 05, 2025 | 16:24 |5339
Hakyda seýilgähinde bag ekmek hem-de Ýeñşiñ Gahrymanlary yadygärliginiñ düýbüni tutmak boýunça halkara çäresi Russiýa Federasiýasynyñ Italiýadaky ilçisiniñ hemişelik oturýan ýeri bolan Rimdäki Abamelek ýaýlasynda bolup geçdiHakyda seýilgähinde bag ekmek hem-de Ýeñşiñ Gahrymanlary yadygärliginiñ düýbüni tutmak boýunça halkara çäresi Russiýa Federasiýasynyñ Italiýadaky ilçisiniñ hemişelik oturýan ýeri bolan Rimdäki Abamelek ýaýlasynda bolup geçdi
Çeşme: ТАСС

Hakyda seýilgähinde bag ekmek hem-de Ýeñşiñ Gahrymanlary yadygärliginiñ düýbüni tutmak boýunça halkara çäresi Russiýa Federasiýasynyñ Italiýadaky ilçisiniñ hemişelik oturýan ýeri bolan Rimdäki Abamelek ýaýlasynda bolup geçdi. Beýik Watançylyk urşundaky Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu çäre barada TASS habar berýär. Habarda çärä GDA ýurtlarynyñ hem-de beýleki dostlukly döwletleriñ ilçileriniñ gatnaşandygy barada bellenilýär.

Rus diplomatlary sosna agajyny oturtdylar. Hazel we serwi agaçlaryny Ermenistanyñ, Gazagystanyñ, Gyrgyzystanyñ, Türkmenistanyñ, Özbegistanyñ, Hytaýyñ, Mongoliýanyñ, Zimbabweniñ, Belarusyñ, Wenesuelanyñ, Braziliýanyñ hem-de Yragyñ ilçihanalarynyñ ýolbaşçylary we wekilleri oturtdylar. Çäräni geçirmek baradaky başlangyjy öñe süren RF-iñ Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Paramonowyñ aýtmagyna görä, ekilen baglar milletparazçylyga we faşizme garşy bilelikde göreşen halklaryñ agzybirligini hem-de nesilleriñ sarsmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

954b96fec32b781e2a1e929fee0c2af6.jpg

Geçen we häzirki asyrlarda milletparazçylyga we faşizme garşy göreşen Gahrymanlaryñ ýadygärliginiñ düýbüni tutujy daşynyñ açylşy ýene bir alamatly nyşan boldy. Italýan jemgyýetçiliginiñ diplomatlaryndan we wekillerinden ybarat rus diplomatik wekilhanasynyñ myhmanlaryna Rim Papalarynyñ portretçisi, rus suratkeşi Natalýa Sarkowa tarapyndan taýýarlanan ýadygärligiñ nusgalary görkezildi. Ilçi bag ekilen seýilgähiñ baryan bu ýadygärligiñ ýakyn ýyllarda guruljakdygy barada aýtdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026