HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň demografiki ýagdaýy: Dünýäde pese gaçýan döwründe dogluş derejesi

Maý 05, 2025 | 22:46 |12424
Merkezi Aziýa ýurtlary dünýä boýunça dogluşyň pese gaçýan umumy derejesine garamazdan, ýokary dogluş görkezijilerini görkezýärlerMerkezi Aziýa ýurtlary dünýä boýunça dogluşyň pese gaçýan umumy derejesine garamazdan, ýokary dogluş görkezijilerini görkezýärler
Çeşme: orient.tm

Merkezi Aziýa ýurtlary dünýä boýunça dogluşyň pese gaçýan umumy derejesine garamazdan, ýokary dogluş görkezijilerini görkezýärler. Bütindünýä Bankynyň 2023-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, bu sebitde doglan çagalaryň enä düşýän ortaça sany ýokary derejesinde saklanýar. Bu ýagdaý Merkezi Aziýa ýurtlarynda durmuş-ykdysady ösüşe täsir edýän özboluşly demografik ýagdaýy döredýär.

Sebitde dogluş derejesiniň ýokary bolmagy ilatyň ýaş düzümi, medeni däpler, şäherleşme derejesi hem-de durmuş infrastrukturasyna elýeterlilik ýaly birnäçe faktorlara baglydyr. Ösüş derejesi ýokary ýurtlarda we hatda käbir goňşy döwletlerde-de dogluşyň ep-esli azalmagy gözegçilik edilýän bolsa-da, Merkezi Aziýanyň köp ýurtlarynda ilatyň köpelmegine ýardam berýän dogluşyň ýokary derejesiniň saklanylmagynda galýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olaryň goňşularyndaky ýagdaý:

Bütindünýä Bankynyň 2023-nji ýyl üçin beren maglumatlaryna görä, bir enä düşýän çagalaryň ortaça sany (jemi dogluş görkezijisi) boýunça sebitdäki ýurtlarda we olaryň käbir uly goňşularynda aşakdaky ýagdaý ýüze çykýar:

Özbegistan: 3,5 çaga

Täjigistan: 3,1 çaga

Gazagystan: 3,0 çaga

Türkmenistan: 2,7 çaga

Gyrgyzystan: 2,7 çaga

Deňeşdirmek üçin Russiýa ýaly uly goňşusynda bu görkeziji ep-esli pes - her ene üçin bary-ýogy 1,4 çaga.

Bu sanlar dünýäniň beýleki birnäçe ýurtlaryndaky dogluş görkezijileri bilen deňeşdirilende aýdyň tapawutlanýar, sebäbi käbir ýurtlarda bu görkezijiler iň pes derejä çenli düşdi. Mysal üçin, Ýaponiýada ortaça bir enä 1,2 çaga düşýär, Günorta Koreýa, Gonkong, Makao we Puerto-Riko ýaly ýerlerde bolsa bu görkeziji hatda bir çagadan hem pes. Dogluşyň pesligi şeýle hem Hytaý, Singapur we Ukraina ýaly ýurtlara hem hasaba alyndy (her enä 1 çaga golaý düşýär).

Şol bir wagtyň özünde dünýäde iň ýokary dogluş derejesi Afrikanyň iň pes ýurtlarynda (Somali, Çad, Niger – her enä 6-dan gowrak çaga) we Owganystan ýaly ýurtlarda (her ene üçin 5 çaga) hasaba alynýar. Bilermenleriň belleýşi ýaly, Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň ilatynyň ösüşine esasy goşandy ösüp barýan ýurtlar goşýarlar.

Sebit üçin ähmiýeti:

Merkezi Aziýada dogluşyň deňeşdirme taýdan ýokary bolmagy, sebit ýurtlarynda ýaş ilat düzüminiň saklanýandygyny görkezýär. Bu bolsa geljekde zähmet çeşmeleriniň elýeterliligi babatynda mümkinçilikli artykmaçlyk bolup durýar. Şol bir wagtda, bu ýagdaý döwletleriň öňünde durmuş ulgamyny ösdürmek bilen bagly wezipeleri hem goýýar: bilim ulgamyny, saglygy goraýyş hyzmatlaryny ösdürmek, şeýle-de täze iş orunlaryny döretmek zerurlygyny ýüze çykarýar.

Ählumumy ýagdaýda ortaça dogluşyň derejesi soňky elli ýylda 5,3 çagadan 2,2 çaga çenli peselen wagty, Merkezi Aziýa ýurtlary demografik ösüşini saklap galýarlar. Bu bolsa geljekki onýyllyklarda olaryň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

Kommunikasiýanyň täze medeniýeti: İletişim Başkanlığı TEKNOFEST-de

13:40 Oktýabr 02, 2026
Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

11:21 Oktýabr 02, 2026
Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

11:18 Oktýabr 02, 2026