HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan boýunça geçirilen seminarlar tapgyry Adalatçynyň ornuny güýçlendirmäge ýardam edýär

Maý 03, 2025 | 21:45 |3776
2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Aşgabatda akkreditlenen milli adam hukuklaryny goraýan edaranyň Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekdäki ornuna bagyşlanan seminarlar tamamlandy2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Aşgabatda akkreditlenen milli adam hukuklaryny goraýan edaranyň Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekdäki ornuna bagyşlanan seminarlar tamamlandy
Çeşme: BMGÖM

2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Aşgabatda akkreditlenen milli adam hukuklaryny goraýan edaranyň Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmekdäki ornuna bagyşlanan seminarlar tamamlandy. Seminarlar Daşoguz, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabatda geçirildi.

Seminarlar Adalatçynyň edarasy bilen BMGÖM-iň Türkmenistandaky “Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde gurnaldy. Çärelere Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, degişli ministrlikleriniň, häkimlikleriň, adwokatlar toparynyň, ýaşlar we zenanlar guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalary gatnaşdy.

IMG_6478.JPG

Seminaryň maksatnamasyna Adalatçynyň diwanynyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşlary bilen özara gatnaşyklarynyň kanuny we amaly taraplary, akkreditlenen milli adam hukuklary boýunça guramalarynyň ýagdaýy baradaky BMG-niň Pariž ýörelgelerine laýyk gelmegi, şeýle hem Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny goramakda we öňe ilerletmekdäki orny barada çykyşlar boldy.

BMGÖM bilen Adalatçynyň diwanynyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Esasy temalaryň arasynda 2024-nji ýyl üçin Adalatçynyň ýyllyk hasabaty we Adalatçynyň diwanynyň Milli adam hukuklaryny goraýjy edaralaryň Bütindünýä bileleşiginde akkreditasiýasy boýunça netijeler, şol sanda MAHGEBB tarapyndan 2024–2027 ýyllar üçin berlen teklipleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

IMG_6485.JPG

Bu seminarlara gatnaşyjylaryň adam hukuklaryna we olary goramagyň ýörelgelerine, şeýle hem ýurduň Adalatçynyň diwanynyň döredilen gününden bäri ösýän ornuna düşünmegi çuňlaşdyrmak üçin möhüm meýdançany üpjün etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026