HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmennebit” DK-sy № 173 belgili açyk bäsleşigini yglan edýär

Maý 03, 2025 | 15:25 |5508
“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan öndürijileriň eksklýuziw üpjün edijisi bolan öndürijileriň we dalaşgärleriň gatnaşmagynda aşakdaky lot boýunça satyn almak barada № 173 belgili açyk tenderi yglan edýär:“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan öndürijileriň eksklýuziw üpjün edijisi bolan öndürijileriň we dalaşgärleriň gatnaşmagynda aşakdaky lot boýunça satyn almak barada № 173 belgili açyk tenderi yglan edýär:
Çeşme: orient.tm

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan öndürijileriň eksklýuziw üpjün edijisi bolan öndürijileriň we dalaşgärleriň gatnaşmagynda aşakdaky lot boýunça satyn almak barada № 173 belgili açyk tenderi yglan edýär:

Lot 2 – umumy zawod, tehnologik, buraw enjamlary Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça aşakdakylary ýerine ýetirmek teklip edilýär:

  • Dalaşgäriň doly adynyň, onuň hukuk ýagdaýynyň, hasaba alnan ýurdunyň we rekwizitleriniň görkezilmegi bilen gatnaşmak isleýändigi baradaky arzany tabşyrmak (ofşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan dalaşgärleriň arzalary kabul edilmeýär);

— Türkmenistanyň «Döwlet islegleri üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçiriş tertibiniň» degişli bölümi we tenderde gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

—Tehniki tabşyrygy, tehniki talaplary we şertnamaň esasy şertlerini almak;

— Bäsleşige muzdsuz esasda gatnaşmak üçin 575 ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg geçirmek üçin hasap belgini almak.

Bu tendere gyzyklanma bildirýän ähli mümkin bolan potratçylar gatnaşyp bilerler.

Ähli gerekli maglumatlary www. turkmennebit. gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylary ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bolar. Bäsleşik teklipleri “Neýtralnyý Turkmeinstan” gazetinde resmi habarynyň çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne iň soňky möhleti 30-njy iş gününiň ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen seneden giç gowşurylan teklipler kabul edilmeýär.

Töleg geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda berler. Möhür bilen tassyklanan doly bäsleşik teklibini özünde jemleýän bir sany möhürlenen bukja bildirişiň çap edilen pursatyndan başlap ýokarda görkezilen salgy boýunça iberilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba geçirilenden soň garalmaga kabul edilýär.

Bukjada hökmany suratda Word formatda şertnamanyň esasy şertleri we anketanyň elektron görnüşi, şeýle hem Excel formatda tehniki-ykdysady spesifikasiýa bolmalydyr.

Habarlaşmak üçin: 40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82, 40-31-81 (tehniki soraglar üçin); fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026