HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

MA – AADHG Seljeriş merkezleriniň birinji forumy: Strategiki dialogyň täze çelgileri

Aprel 28, 2025 | 11:40 |22108
28-nji aprelde, duşenbe güni Daşkende Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (AADHG) seljeriş merkezleriniň birinji forumy açyldy28-nji aprelde, duşenbe güni Daşkende Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (AADHG) seljeriş merkezleriniň birinji forumy açyldy
Çeşme: orient.tm

28-nji aprelde, duşenbe güni Daşkende Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (AADHG) seljeriş merkezleriniň birinji forumy açyldy.

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen çäre, “Strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak: taryhy baglanyşyklardan giň gerimli hyzmatdaşlyga çenli” atly tema bilen geçirilip, gatnaşyklaryň hil taýdan ösdürilmekmek islegini tassyklaýar. Bu wekilçilikli bilermenleriň dialogy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty we Saud Arabystanynyň öňdebaryjy gözleg merkezi “Gulf Research Center” tarapyndan gurnaldy.

1.JPEG

Forum, Merkezi Aziýa döwletlerinden we AADHG-niň ýurtlaryndan 70-den gowrak ýokary hünärli we abraýly bilermenlerini abraýly meýdançalaryň birine jemledi. AADHG-niň sekretariatynyň, diplomatik korpusyň we iki giň we strategiki taýdan möhüm makro sebitiň işewür toparlarynyň wekilleri hem çekişmä gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle möhüm forumda Türkmenistanyň adyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň başlygy Şiri Şiriýew we bu merkeziň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew wekilçilik edýär.

3.JPEG

Forumyň gün tertibi, häzirki ýagdaýyň esasy taraplaryny öwrenmäge we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlagdaky arap ýurtlarynyň arasynda geljekde özara gatnaşyklaryň geljegini ösdürmäge gönükdirilendir. Gatnaşyjylar syýasy dialoglary berkitmek we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde ylalaşylan çemeleşmeleri, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň ýollaryna içgin üns berýärler. “Ýaşyl” energetikanyň çalt ösýän pudagynda geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we iki sebiti birleşdirýän ulag geçelgeleriniň strategiki ösüşine aýratyn üns berilýär.

4.JPEG

Forumyň işiniň garaşylýan esasy netijeleriniň arasynda bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky öňdebaryjy pikir merkezleri bilen AADHG-niň arasynda birnäçe hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekilmegi mundan beýläkki möhüm hyzmatdaşlygyň görkezmesine öwrülmelidir. Bu resminamalar, iki sebitiň bilermen jemgyýetleriniň arasynda yzygiderli, uzak möhletli we netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmak, yzygiderli bilim alyşmagy we bilelikdäki seljeriş işini ýeňilleşdirmek üçin berk binýat döreder diýip ynam bildirilýär.

5.JPEG

Mundan başga-da, Daşkent forumynyň dowamynda işlenip düzülen teklipler taryhy Samarkand şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – AADHG-niň” görnüşindäki ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň ikinji sammitiniň gün tertibiniň düzülmegine hem-de baýlaşdyrylmagyna agramly we göni goşant goşmak üçin niýetlenendir. Bu bilermenleriň dialoglarynyň amaly ähmiýetini we iň möhüm syýasy hem-de ykdysady çözgütlerini iň ýokary derejede kabul etmek işi bilen gönüden-göni baglanyşygyny aýdyň görkezýär.

6.JPEG

Umuman aýdanyňda, Daşkentdäki Seljeriş merkezleriniň birinji forumynyň işi Merkezi Aziýa bilen Aýlag ýurtlarynyň arasynda uzak möhletli we köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant goşmak üçin niýetlenendir. Bu çäre diňe bir umumy taryhy we medeni mirasy diketlmäge hem-de işjeňleşdirmäge mümkinçilik bermän, häzirki zaman ählumumy çagyryşlara jogap hökmünde iki makro sebitiň arasynda hemmetaraplaýyn we özara peýdaly dialoglary ösdürmek üçin täze, anyk çelgileri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

2.JPEG

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026