HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi başlandy

Aprel 28, 2025 | 12:25 |3026
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde her ýylky Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligini açdylar.Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde her ýylky Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligini açdylar.
Çeşme: mostycrb.by

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýurt edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde her ýylky Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligini açdylar.

Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi 3-nji maýa çenli dowam eder hem-de ähli jemgyýetlerde sanjym etmegiň adalatly ýaýbaňlanmagynyň ýokary derejelerini tiz gazanmagyň zerurlygyna ünsi jemlär.

Şu ýyl Ýewropanyň immunizasiýa hepdeligi “Hemmeler üçin immunizasiýany gazanmak – biziň güýjümizdedir” atly şygar astynda geçirilýär. Tutuş hepdäniň dowamynda sanjym we immunizasiýa arkaly her bir adamy saglygy goramak boýunça çärelere gatnaşmagyň wajyplygy baradaky maglumatlar ýaýradylar.

Immunizasiýanyň üstünliginde öz wagtynda alynan sanjymlaryň orny barada maslahatlaşyljak hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin immunizasiýa babatynda Ýewropanyň gün tertibiniň esasy meselelerine garaljak maslahat Ýewropanyň immunlaşdyrma hepdeliginiň çäklerindäki çäreleriň başyny başlar.

29-njy aprelde saglygy goraýyş maksatnamalarynyň üstünde işleýän BMG-niň edaralarynyň (BSGG, UNICEF, UNFPA, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Halkara migrasiýa guramasy we beýlekiler) hünärmenleriniň, lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda tegelek stol geçiriler. Çäre sanjymlaşdyrma baradaky toslamalar düşünmäge ýardam berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026