Türkmenistanlynyň startapy deri ideginde düýpli özgeriş döretdi


21 ýaşly türkmenistanly telekeçi Myrat Bazarow Nubio AI startapyň esaslandyryjysy boldy. Bu startap deri kesellerini anyklamaga hem-de deri idegi boýunça şahsylaşdyrylan maslahatlary hödürlemäge gönükdirilen emeli aň esasyndaky platforma bolup durýar.
Nubio AI startapyny döretmek pikiri öz mamasynyň deri bilen baglanyşykly meseleleriň ýüze çykan döwründe Myradyň şahsy tejribesinden döredi. Ol bazarda deri idegi üçin elýeterli we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň ýokdugyna göz ýetirdi. Bu bolsa oňa platformany işläp taýýarlamaga iterdi.
“Deri – adam bedeniniň iň möhüm bölegidir. Ol diňe bir bedenimiziň iň uly organlarynyň biri däl-de, eýsem onuň esasy goragçysydyr. Emma biz, köplenç, onuň orny barada ýatdan çykaryp, onuň wajyplygyna diňe deri keselleri bilen ýüzbe-ýüz gelenimizde göz ýetirýäris” – diýip, Myrat belledi.

Nubio AI smartfonyň kamerasynyň kömegi bilen ulanyjynyň derisiniň ýagdaýyny anyklamak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulanýar hem-de alynan maglumatlaryň esasynda şahsylaşdyrylan maslahatlary hödürleýär. Platforma ideg boýunça maslahat berilen serişdeleri satyn almak üçin meýdançany we deri lukmanlary bilen onlaýn-maslahatlaşmalaryň mümkinçiligini öz içine alýar. Platforma girmek mugt bolmagynda galýar.
Geljekde wezipeleriň giňeldilmegi, şol sanda ganyň anyklaýyşynyň we ulanyjynyň maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün etmek üçin blokçeýn-tehnologiýalaryň ulanylyşynyň girizilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, B2B ugry ösdürilýär, ol lukmançylyk keselhanalaryň we dermanhanalaryň ekoulgamyna platformany ornaşdyrmak üçin olar bilen hyzmatdaşlygyň baglaşylmagyny göz öňünde tutýar.
Öz topary bilen Myrat eýýäm gollanmanyň Nubio AI 2.0. täzelenen görnüşini döretmegi meýilleşdirýär. Täze görnüşde has köp görkezijiler, şol sanda ulanyjynyň genetiki aýratynlyklary hasaba alynar. Bu hem has anyk maslahatlary hödürlemäge mümkinçilik berer. Uzakmöhletleýin geljekde Nubio AI startapy Aziýanyň we Latyn Amerikanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär.
“Bu taslamanyň ägirt uly mümkinçiligi bar, we meniň maksadym – diňe bir adamlaryň derisiniň saglygyny gowulandyrmak däl-de, eýsem tehnologiýa innowasiýalary we sosial jogapkärçiligi arkaly ýaşaýyşyň hiliniň gowulandyrylmagyna itergi bermekdir” – diýip, türkmenistanly telekeçi belledi we Nubio AI gollanmasynyň deri idegine çemeleşmäni üýtgedip, ony hemmeler üçin elýeterli we netijeli etmäge çalyşýandygyny aýtdy.








