Türkmenistanda ýylyň iň owadan ahalteke bedewini saýladylar


26-nji aprelde, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde geçirilýän “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Şeýle hem dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda – Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler bar.
Aýdym-sazly çykyşlaryndan soň, baýramçylyk dabarasyny Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragyna, şeýle hem ençeme beýleki halkara ýaryşlaryň baýraklaryna mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary açdy. Olar Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežinde çykyş etdi.
Soňra açyk manežde “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy bäsleşdi. Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi
Netijede,“2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada 2020-nji ýylda doglan, Gerden we Tugly diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gyrsakaryň ugruna degişli Meleguş diýen mele at mynasyp boldy.
Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýragy — “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy. Şeýle hem atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
ORIENT








