Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara ylmy-taslama bäsleşik geçiriler


2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara ylmy-taslama bäsleşi geçiriler.
Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi
Bäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rus I tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany ugruň biri boýunça ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işiniň ýazgysyny (goşundy) 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna (science.tm2024@gmail.com; habarlaşmak üçin tel.: +99365647291) ugradýar.
Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. 2-nji tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň resmi web-saýtynda 2025-nji ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär.
II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň 2-nji tapgyry 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 2-6 aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň netijesi boýunça saýlanan talyplar bellenen wagtda Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça internet ulgamy arkaly online görnüşinde prezentasiýa bilen çykyş edýärler.
IV. Bäsleşige gatnaşýan taslama işleriniň taýýarlanylyşyna talaplar
Ylmy-taslamanyň ýazgylary 15-20 sahypadan ybarat bolmaly. Ylmy-taslamanyň ýazgysy ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setir arasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenmeli. Işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň hem-de ýokary okuw mekdebiniň ady görkezilmeli.
Taslama işiniň maglumatlary degişli tema boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk ylmy maglumatlara esaslanan, aýdyň beýan edilen bolmaly. Ylmy-taslama diňe bir nazary maglumatlary däl-de, eýsem talybyň özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tejribe maglumatlaryndan hem-de alnan netijelerden ybarat bolmaly. Taslamanyň ady, temasy, täzeçilligi wajyplygy, maksady we onuň netijesi özara baglanyşykly bolmaly. Edebiýat çeşmeleri görkezilmeli. (Ylmy-taslamanyň golýazmasy türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilen bolmaly).
V. Merkezi guramaçylyk iş toparyny döretmek we onuň işi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girýärler.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär.
Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär. Doly maglumat bilen şu salgylanma boýunça tanyşyp bilersiňiz https://tohu.edu.tm/?/Halkara%20taslama/&page=73&/.
ORIENT news








