HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly tegelek stol geçirildi

Aprel 24, 2025 | 16:32 |4024
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy auditoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildiTürkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy auditoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň Magtymguly Pyragy auditoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, türkmen-gruzin parlamentara dostluk toparynyň başlygy A.Sarjaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti, Gruziýanyň Parlamentiniň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 1 Rektor Z.Honelidze tegelek stola gatnaşyjylary mähirli garşylap, giň gerimli türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtady. Şeýle hem ol Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwletimiziň deňhukuklylyk, özara düşünişmeklik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty hakynda belläp geçdi. 2 Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň agzalary, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi K.Sabiaşwili, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti B.Naçkebiýa, Suhumi döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary we medeniýetara aragatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçysy I.Dzaganiýa we beýleki gatnaşyjylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň diňe bir milli bähbitlere jogap bermän, eýsem dünýä we sebit derejesinde parahatçylygy döretmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmekde netijeli gural bolup durýandygyny bellediler. 3 Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bütindünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň görkezijisidigi barada nygtalyp geçildi. 4 Şeýle-de 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen bagly wajyp syýasy-diplomatik üstünlikdigi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alandan bäri yzygiderli we gyşarnyksyz alyp barýan daşary syýasat ugrunyň logiki we kanunalaýyk netijesidigi hakynda bellenildi. 5 Mundan başga-da çykyş edenler türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giňelmeginde we berkemeginde wajyp orny eýeleýän ýokary derejedäki saparlar dogrusynda hem belläp geçdiler. Hususan-da, 2024-nji ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran sapary. 2025-nji ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi sapary we şol saparyň çäklerindäki Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Gruziýanyň Daşary işler ministri arasynda geçirilen duşuşyk. Mundan başga-da, Gruziýanyň Zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi minitri M.Sarjweladzeniň sapary.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026