HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aprel 24, 2025 | 14:50 |2623
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Çeşme: ufacity.info

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Agzalan çärä kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň wekilleriniň hem-de hususy telekeçileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Habarlaşmak üçin salgylar we telefon belgiler:

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy); tel: 39-34-56;

Bagtyýarlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy); tel: 39-34-64;

Berkararlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy); tel: 39-34-71;

Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy); tel: 35-12-69;

Köpetdag etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň hyzmatlar binasy); tel: 39-34-76;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy; tel: 22-74-07.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026