HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy tegelek stoly gurady

Aprel 18, 2025 | 14:05 |2290
17-nji aprelde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde tegelek stoly gurady17-nji aprelde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde tegelek stoly gurady
Çeşme: orient.tm

17-nji aprelde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde tegelek stoly gurady. 1 Çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly birikdirilen Türkiýe Respublikasynyň alymlary gatnaşdy. Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň wajyplygy barada bellenildi. 2 Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan hem-de dünýäniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän açyk gapylar syýasaty barada aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamynda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere hem aýratyn üns berildi.

Gatnaşyjylar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatçylyk, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen utgaşýandygy barada bellediler. Beýik şahyryň hatyrasyna halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy wasp edýän türkmen, gyrgyz we türk dillerindäki goşgylary okaldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara giňişligindäki gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideo ýazgy görkezildi, şeýle hem gatnaşyjylary türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

Saturn, Mars we iki meteor akymy: oktýabr aýynda gijeki asmanda nämeler görüner

11:21 Oktýabr 02, 2026
Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Samsung Galaxy S23 we Galaxy S24 Ultra seriýaly smartfonlar üçin One UI howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

11:18 Oktýabr 02, 2026
Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

Google täze Gemini 4 Argon neýroulgamyny tanyşdyrdy

11:14 Oktýabr 02, 2026