HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Şuhow adyndaky BDTU-nyň türkmen talyplary “Ýeňşi bilelikde gazandyk” atly taslamasynyň çäklerinde Prohorowka ekskursiýa bardylar

Aprel 17, 2025 | 15:30 |4033
Şuhow adyndaky BDTU-da taryhy hakydasynyň saklanyp galmagyna aýratyn üns berilýär.Şuhow adyndaky BDTU-da taryhy hakydasynyň saklanyp galmagyna aýratyn üns berilýär.
Çeşme: media.bstu.ru

Şuhow adyndaky BDTU-da taryhy hakydasynyň saklanyp galmagyna aýratyn üns berilýär. Ýokary okuw mekdebinde ozalky Sowet Soýuzynyň respublikalarynyň talyplary okaýar, uniwersitetiň syýasaty bolsa medeniýetara dialoga we özara düşünişmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ýaşlara diňe bir umumy taryha akyl ýetirmäge däl-de, eýsem halklaryň arasynda hormat-sylaga we hyzmatdaşlyga esaslanýan berk gatnaşyklary döretmäge mümkinçilik berer.

“Ýeňşi bilelikde gazandyk” atly uniwersitet taslamasynyň döredilmegi üçin ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň baş sekretarynyň orunbasary, şol bir wagtyň özünde Wladimir Menşow adyndaky kinofestiwalynyň dowam etdirijisi bolan Wlaeriý Ruzin bilen duşuşygy başlangyç nokat boldy.

“Eýýäm üçülenji ýyl biz ozalky SSSR respublikalarynyň wekilleri bolan ýaşlary ýörite tematiki duşuşyklara ýygnaýarys, ol ýerde gatnaşyjylar Beýik Watançylyk urşy baradaky özüniň maşgala hekaýalary bilen paýlaşýarlar hem-de Ýeňiş gününi nähili belleýändiklerini gürrüň berýärler. Şu ýyl biz türkmenistanly talyplarynyň toparyny Prohorowka ekskursiýa äkitmäge karar geldik. Ol ýerde ata-babalarynyň edermenligine we ýurdunyň taryhyna buýsanyp biler ýaly, olar söweş ýerlerini synlap, hem-de arasynda türkmen familiýalary bolan sanaw bilen tanşyp bilerler. Ýaşlar bu gezelenje tolgulanma bilen gatnaşdylar” – diýip, Şuhow adyndaky BDTU-nyň terbiýeçilik işi we ýaşlar baradaky syýasaty boýunça prorektory Irina Awilowa gürrüň berdi.

Ýaşlar Prohorowka baryp gördüler. Ol ýerde 1943-nji ýylda tanka garşy güýçleriň ulanylmagynda harby taryhyň iň uly söweşleriniň biri bolup geçdi. Ekskursiýanyň dowamynda ýaşlar foto suratlar we resminamalar bilen tanyşdylar, söweşlerde ulanan harby tehnikany syn etdiler, strategleriň hem-de tyl zähmetkeşleriniň irginsiz zähmetiniň netijesinde gazanylan ýeňişler baradaky hekaýalary diňlediler – munuň ählisi ýaşlara uruş döwrüniň gurşawyna aralaşmaga mümkinçilik berdi. Syýahat nesilden nesle geçirilmeli ýurtlaryň beýik taryhynyň we umumy mirasynyň ähmiýeti barada ýatlatdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026