HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Astrahan oblastyna dokma önümlerini geçirmek bilen gyzyklandy

Aprel 15, 2025 | 15:30 |4439
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy we Kakanyñ dokma toplumy ýaly Türkmenistanyñ iki sany döwlet dokma kärhanalarynyñ ýolbaşçylary Astrahan oblastyna iş saparyny amala aşyrýarlarBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy we Kakanyñ dokma toplumy ýaly Türkmenistanyñ iki sany döwlet dokma kärhanalarynyñ ýolbaşçylary Astrahan oblastyna iş saparyny amala aşyrýarlar
Çeşme: bloknot-astrakhan.ru

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy we Kakanyñ dokma toplumy ýaly Türkmenistanyñ iki sany döwlet dokma kärhanalarynyñ ýolbaşçylary Astrahan oblastyna iş saparyny amala aşyrýarlar. "Meniñ işewürligim" atly Merkezinde geçirilen duşuşygyñ dowamynda olar Astrahan oblastynyñ işewür toparlaryny özüniñ önümleri bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşyga gatnaşan Astrahanyñ daşarky aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyñ ýakyn söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyñ ýola goýlandygy barada aýtdy: 2024-nji ýylyñ netijeleri boýunça söwda dolanyşygy 15% ýokarlandy. Ähli umumy taslamalarda söwda dolanyşygyñ artdyrlmagy esasy baglaşdyryjy orny tutýar diýip, ministr belledi:

"Şu günki duşuşyk astrahan işewürligi üçin ýokary hili bilen tapawutlanýan türkmen önümleri bilen tanyşmaga hem-de araçysyz olar bilen gönüden-göni şertnamalary baglaşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär".

Türkmenistanyñ Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Türkmenistanyñ pagtany gaýtadan işlemekden başlap taýýar önümleriñ önümçiligine çenli doly aýlanyşykly kuwwatly öndürijilik binýadyna eýe bolmak bilen, Merkezi Aziýada dokma önümleriñ önümçiligi boýunça öñdebaryjaryñ biri bolup galýandygyny belledi.

Duşuşykda ýeñil üstki eşikler - wetrowkalar, erkek köýnekleri, uzyn we kelte balaklar, elsüpürgüçler sergilendi. Türkmenistanyñ dokma toplumlarynyñ top-menejerleri gyzyklanma bildirýän astrahan kompaniýalaryñ wekilleriniñ ýerli bazarlary önümler bilen üpjün etmek baradaky soraglaryna jogap berdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026