HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

15-17-nji aprelde şemally howa garaşylýar

Aprel 15, 2025 | 14:10 |3801
15-17-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň tutuş çäginde şemalyň güýçlenmegi we tozanly tupanyň turmagy bilen, durnuksyz howanyň bolmagyna garaşylýar15-17-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň tutuş çäginde şemalyň güýçlenmegi we tozanly tupanyň turmagy bilen, durnuksyz howanyň bolmagyna garaşylýar
Çeşme: orient.tm

15-17-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň tutuş çäginde şemalyň güýçlenmegi we tozanly tupanyň turmagy bilen, durnuksyz howanyň bolmagyna garaşylýar. Aýratyn sebitlerde gysga wagtlaýyn çabgalaryň ýagmagy we ýyldyrymyň çakmagy mümkin.

  • 15-nji aprelde Balkan welaýatynda şemal 16-21 m/s çenli, Daşoguz welaýatynda – 12-17 m/s çenli, Ahal welaýatynda hem-de Lebap welaýatynyň demirgazyk böleginde – 11-16 m/s çenli güýçlener. Aýratyn sebitlerde tozanly tupanyň turmagyna garaşylýar hem-de käbir ýerlerde görüjilik peseler.

16-njy aprelde Daşoguz welaýatynda, Balkan we Lebap welaýatlarynyň demirgazygynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň käbir ýerlerinde güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Şemal 13-18 m/s, Ahal welaýatynda günüň ikinji ýarymynda bolsa 19-24 m/s çenli güýçlener.

17-nji aprelde Ahal we Balkan welaýatlarynda şemal 18-23 m/s çenli, Mary welaýatynda – 17-22 m/s çenli, Lebap welaýatynda 12-17 m/s çenli güýçlener. Tozanly tupan dowam eder. Mundan başga-da, şol günlerde Balkan welaýatynda we Daşoguz welaýatynyň käbir ýerlerinde, Ahal we Lebap welaýatynda güýçli ýagşyň ýagmagy we ýyldyrymyň çakmagy mümkin.

Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde 25-40 mm ýagynlaryň ýagmagy mümkindir. Syýahatlaryňyzy we açyk howada işiňizi meýilleşdireniňizde, howa şertlerini göz öňünde tutmagy maslahat berýäris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026