HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçiriljek ýaşlar forumyna işjeň gatnaşar

Aprel 14, 2025 | 13:05 |4244
16-njy aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynda (Nýu-ýork şäheri) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygy geçiriler16-njy aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynda (Nýu-ýork şäheri) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygy geçiriler
Çeşme: education.gov.tm

16-njy aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynda (Nýu-ýork şäheri) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýäde agzybirligiň, hyzmatdaşlygyň we ynanyşmagyň nusgalyk ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistan bu möhüm çäräni geçirmegiň başlangyjy bilen çykyş etdi.

Duşuşyk BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde geçiriler. Ol BMG tarapyndan yglan edilen «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylyna», şeýle hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýaşlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk baradaky 2250-nji Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanýar. Forum BMG-niň 2250 belgili Kararnamasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen anyk ädimleriň biri hökmünde parahatçylygy üpjün etmekdäki, gapma-garşylyklaryň öňüni almakdaky we inklýuziw ösüşe ýardam bermekdäki möhüm ýaşlaryň ornuna ünsi çekmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylda başy başlanan bu dialog häzirki wagtda özüniň durmuşda netijelidigini we derwaýys zerurdygyny subut etdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň işjeň talyplary girer. Foruma Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň wekiliýetleriniň, şeýle hem BMG-niň, halkara hemaýatkärleriň we hyzmatdaş guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň hem bu foruma gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi, bu halkara meýdançanyň diňe sebitara däl, eýsem dünýä derejesinde hem ähmiýetlidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde başlanan başlangyjyň düýäde parahatçylygy, özara düşünişmegi we durnukly ösüşi öňe sürmekde ýaşlar diplomatiýasynyň täsirli nusgasy hökmünde giňden gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary bilen çykyş ederler, parahatçylyk medeniýetini, durnukly bilim ulgamlaryny, jemgyýetçilik telekeçiligini ösdürmek, şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça (LLDC3) Üçünji maslahatynyň çäklerinde meýilleşdirilýän nobatdaky foruma taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň netijesinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar ulgamynyň giňeldilmegine, yzygiderli hyzmatdaşlygyň mehanizminiň döredilmegine, LLDC3 forumyna degişli teklipleriň işlenip düzülmegine we halkara gatnaşyklaryndaky ýaşlaryň ornunyň ýokarlandyrylmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026