HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Messe Frankfurt”-yň bilermenlerinden sergilere üstünlikli gatnaşmagyň syrlaryny öwreniň!

Aprel 14, 2025 | 00:40 |42350
“TurkmenExpo” Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde öz işini halkara derejesinde ösdürmäge, halkara sergilere gatnaşmaga we öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge gyzyklanýan bildirýänleriň hemmesini “Messe Frankfurt”-yň abraýly wekili Ýürgen Werz (Mr Jürgen Werz) tarapyndan “ITSE-2025” atly halkara sergisiniň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek eksklýuziw okuw sapagyna çagyrýar“TurkmenExpo” Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde öz işini halkara derejesinde ösdürmäge, halkara sergilere gatnaşmaga we öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge gyzyklanýan bildirýänleriň hemmesini “Messe Frankfurt”-yň abraýly wekili Ýürgen Werz (Mr Jürgen Werz) tarapyndan “ITSE-2025” atly halkara sergisiniň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek eksklýuziw okuw sapagyna çagyrýar
Çeşme: messefrankfurt.com

“TurkmenExpo” Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde öz işini halkara derejesinde ösdürmäge, halkara sergilere gatnaşmaga we öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge gyzyklanýan bildirýänleriň hemmesini “Messe Frankfurt”-yň abraýly wekili Ýürgen Werz (Mr Jürgen Werz) tarapyndan “ITSE-2025” atly halkara sergisiniň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek eksklýuziw okuw sapagyna çagyrýar.

Okuw sapygynyň temasy: “Messe Frankfurt sergisine gatnaşmagy nädip üstünlikli guramaly? A derejesi”. Bu okuw sapagy – diňe bir leksiýa däl, eýsem halkara sergilerine gatnaşmagyň iň ýokary netijelerini gazanmak üçin zerur amaly bilimleri we başarnyklary üpjün etmek üçin döredilen ýokary derjeli kursdyr. Mr. Jürgen Werz köp ýyllyk tejribe we sergi işewürligine çuňňur düşünmek bilen gymmatly düşünjeleri hem-de netijeli strategiýalary paýlaşar.

Okuw maksatnamasy taýýarlyk we sergilere gatnaşmagyň esasy ugurlaryny öz içine alýar:

• Modul 1 – Sergi başlamazdan öňünçä: Görkezişe taýýarlyk görmek, meýilnamalaşdyrmak we maksatlary kesgitlemek. Dogry sergi maksatlaryny nädip kesgitlemelidigini, netijeli strategiýany işläp düzmegi, täsirli stendi saýlamagy we özüne çekiji marketing materiallaryny taýýarlamagy öwreniň.

• Modul 2 – Sergi wagtynda: Stendi dolandyrmak, müşderiler bilen aragatnaşyk gurmak we ýerinde işlemek. Stendiňizi netijeli dolandyrmagy, myhmanlary özüne çekmegi, berk işewürlik aragatnaşyklaryny gurmagy we netijeli gepleşikleri geçirmegi öwreniň.

• Modul 3 – Sergiden soň: Netijeleri seljermek, işewürlik aragatnaşyklaryny saklamak we ösüş mümkinçiliklerini kesgitlemek. Sergä gatnaşmagyňyzyň netijeliligini seljermegiň esasy usullary özleşdiriň, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy we işewürligi mundan beýläk hem ösdürmek üçin mümkinçilikleri kesgitlemegi öwreniň.

• Modul 4 – Meniň sergä gatnaşmagym üçin şahsy meýilnamam: Işewürligiňiz üçin aýrybaşga meýilnama taýýarlamak we hereketleri utgaşdyrmak. Sergä gatnaşmak üçin özüňiziň aýrybaşga meýilnamaňyzy işläp düzüň, bu siziň işiňiziň aýratynlyklaryny göz öňünde tutar we maksatlaryňyza ýetmäge kömek eder.

Geçiriljek senesi: 2025-nji ýylyň 1-nji maýy

Geçiriljek seneni: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.

Aragatnaşyk üçin elektron poçta: contact@turkmenexpo.com

Şu salgy boýunça hasaba alynmagyňyzy haýyş edýäris: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSeI_CXSBzrAMFVUXQC7pgJZuT5XoF4uSlvyctKRVs5SFHYHEQ/viewform

Ýerler çäklidir, şonuň üçin sergi boýunça tejribäňizi artdyrmak mümkinçiligini elden gidirmezlik üçin öňünden hasaba alynmagyzyňy maslahat berýäris!

Bu okuw sapagy, “Messe Frankfurt” sergisine üstünlikli gatnaşmagyň açary bolar we işiňizi halkara derejesinde ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açar.


“Messe Frankfurt” kompaniýasynyň topary – bu pudakda iň üstünlikli dünýä oýunçylarynyň biri we öz sergi meýdançalary bilen söwda ýarmarkalaryny, kongresleri hem-de çäreleri gurnaýan dünýäde iň uly guramaçydyr. Dünýädäki 28 şahamçasynda takmynan 2500 işgäri bar. 2024-nji ýylda 4,4 million sany myhman we 98,000 töweregi sergi kompaniýasy onuň halkara ulgamynyň netijeliligine, çäreleriň gurmaçylygynyň hiline we “Messe Frankfurt”-yň sanly tejribesine ynandylar.

Frankfurtdäky söwda ýarmarkalarynyň, kongresleriň we beýleki çäreleriň maksatnamasy giňdir – awtoulag senagatyndan logistika, dokma önümlerinden aýdym-saza, energiýa netijeliliginden howpsuzlyga çenli.

Ýene-de şu tema boýunça:

Frankfurtyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Türkmenistan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa federal ýeri bilen gatnaşyklary ösdürýär

Türkmenistan Germaniýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär: Saarland ýerindäki duşuşyklar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026