HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

EKSPO-2025: Bütindünýä sergisinde Merkezi Aziýa özüni nähili tanadar

Aprel 12, 2025 | 10:20 |3788
Olaryň her birisi özüniň özboluşlylygy, gazananlary we geljege bolan garaýyşlary barada beýan edip, serginiň umumy ideýasyny açyp görkezer.Olaryň her birisi özüniň özboluşlylygy, gazananlary we geljege bolan garaýyşlary barada beýan edip, serginiň umumy ideýasyny açyp görkezer.
Çeşme: www.expo2025.or

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli – 13-nji oktýabry aralygynda geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisinde Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna aýratyn üns beriler. Olaryň her birisi özüniň özboluşlylygy, gazananlary we geljege bolan garaýyşlary barada beýan edip, serginiň umumy ideýasyny açyp görkezer.

Türkmenistan: däp-dessurlaryň we innowasiýalaryň sazlaşygy 1 Türkmenistanyň pawilýony ýeňil üçburç şekli bilen tapawutlanyp, ol öňe tarap gidişligi we täzelenişi alamatlandyrýar. Onuň gümmezi gülýaka nagşy bilen, daşky bezegi bolsa – Garagum çölüniň manzaralary bilen ruhlandyrylan. Pawilýon üç gatdan ybarat: birinji gatda – myhmanlary ýurdumyzyň taryhyna we medeniýetine wirtual syýahata alyp gidýän immersiw tehnologiýalar ýerleşdiriler; ikinji gatda – energetika, lukmançylyk, sport we bilim ulgamlaryndaky gazananlary, şol sanda derman ösümlikler ekspozisiýasyny özünde jemlär; üçünji eýwanda bolsa – adaty tapçanlar ýerleşdirilip, gök çaý hem-de hakyky tebigy önümlerden taýýarlanan türkmen aşhanasynyň milli tagamlary hödürlener.

Özbegistan: bilimler bagy 2 German Design Awards baýraklaryna mynasyp bolan Özbegistanyň pawilýony gadymy tumar görnüşinde ýerine ýetirilip, ol goraglylygy we ruhy gummatlyklary alamatlandyrýar. Ol “bilimler bagynyň” binagärlik meňzetmesi görnüşinde bolup, pawilýonda taryh, innowasiýalar we durnukly ösüş biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Tebigy materiallaryň we modul gurluşlarynyň ulanylmagy ýurduň ekologiýa geljegine bolan islegini açyp görkezýär. Agaçdan ýasalan ýeňil howa gurluşlarynda özboluşly nagyşlar çekilip, olar özbek däp-dessurlaryna we medeniýetine salgylanmak bilen, täze pikirler we açyk dialog üçin giňişligi döredýär.

Gazagystan: şanyrak – agzybirligiň nyşany hökmünde
3 Gazagystanyň pawilýony “Ýaşaýyşlaryň birleşdirilmegi” atly tematiki klasterde ýerleşdirilip, ýurduň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky strategiki ähmiýetli köpri hökmünde gürrüň berýär. Onuň merkezi nyşany – şanyrak medeni agzybirligi we durnukly ösüşi alamatlandyrýar. Interaktiw ekspozisiýalar Altyn adamdan başlap häzirki döwüre, sportdaky üstünliklere, ekologiýa başlangyçlaryna we maýa goýum taslamalaryna çenli taryhy öz içine alýar. Gelen myhmanlar Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy bilen tanşyp, Ulus Juçä bagyşlanan maglumatlary syn edip bilerler.

Gyrgyzystan: medeniýetleriň dialogy

Gyrgyzystanyň pawilýony milli äheňde ýerine ýetirilip, ol ýerde gyrgyz däp-dessurlary we ýapon estetikasy sazlaşykly utgaşdyrylar. Onuň bezeg işlerini meşhur dizaýner Dilbar Aşimbaýew ýerine ýetirýär. Ekspozisiýa ýurduň tebigy gözelligi, syýahatçylyk kuwwatlyklary, medeniýeti we maýa goýum mümkinçilikleri barada beýan edip, iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegi we medeni alyş-çalşygy açyp görkezer.

Täjigistan: suw we ýaşaýyş üns merkezinde

Täjigistan “Ýaşaýyşlary halas etmek” we “Ýaşaýşyň baglanyşygy” atly temalarda ünsüni jemleýär. Olar suw serişdelerini goramak we buzlyklary gorap saklamak babatda respublikanyň başlangyçlaryny şöhlelendirýär. Pawilýon ýurduň oba hojalykda we senagatda gazanan üstünliklerini görkezer, syýahatçylyk ugurlary, tebigy gözellikleri we halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada gürrüň berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026