Türkmen-german lukmançylyk forumy: üns merkezinde pediatriýa, onkologiýa, sanly tehnologiýalar


Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi tarapyndan onlaýn görnüşde XII türkmen-german saglygy goraýyş forumy geçirildi.
7–8-nji aprel aralygynda geçirilen iki günlük forumda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary, ýurdumyzda hereket edýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziň, Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkeziniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleri, şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Mýunhen şäheriniň Grosshadern Uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhofer Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa türkmen-german forumynyň yzygiderli geçirilmegi başlangyjyny öňe sürendikleri hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýändikleri üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, türkmen hünärmenleri diňe bir nemes klinikalarynda yzygiderli okuw we hünär taýdan gaýtadan taýýarlanyşdan geçmek bilen çäklenmän, eýsem onlaýn duşuşyklar arkaly akademiki gatnaşyklary giňeldýärler, özara gyzyklanma döredýän lukmançylyk tejribesi baradaky pikir alyşmalary hem alyp barýarlar.
Şeýlelikde, şu ýylky forumyň maksatnamasy çaga keselleriniň bejerilişi, pediatrik rewmatologiýanyň meseleleri, süňk ýiligininiň transplantasiýasy, onkologiýa näsaglaryna bejeriş we goldaw bermek, şeýle-de amaly lukmançylykda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm temalary öz içine aldy. Bu ugurlar lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär we Türkmenistanyň hem-de halkara lukmançylyk jemgyýetçiligi üçin ähmiýetlidir.
ORIENT








