HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Ýeňiş raketasy» Halkara kosmos bekedine örän çalt uçuş etdi

Aprel 09, 2025 | 15:30 |3790
8-nji aprelde Baýkonur kosmodromyndan “Ýeňiş raketasy” diýen at berlen “Soýuz-2.1a” raketa-daşaýjy uçuryldy8-nji aprelde Baýkonur kosmodromyndan “Ýeňiş raketasy” diýen at berlen “Soýuz-2.1a” raketa-daşaýjy uçuryldy
Çeşme: Алексей Филиппов / РИА Новости

8-nji aprelde Baýkonur kosmodromyndan “Ýeňiş raketasy” diýen at berlen “Soýuz-2.1a” raketa-daşaýjy uçuryldy. Onuň bilen bilelikde rus-amerikan kosmonawtlar toparly bolan “Soýuz MS-27” uçarmanly ulag kosmos gämisi hem kosmosa ugradyldy. Bu uçuş Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlandy. Uçuşdan bary-ýogy 3 sagat 11 minut soň “Soýuz MS-27” Halkara kosmos bekediniň rus segmentindäki “Priçal” modulyna üstünlikli birikdi. «Rossiýskaya gazeta» neşirinde bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda HKB-e uçuşlaryň adaty dowamlylygy takmynan 2 gün bolýardy — şol wagtda raketa 34 gezek Ýer şarynyň daşyndan aýlanýardy. Soňra bu ýol 4 gezek Ýer şarynyň daşyndan aýlanmak bilen takmynan 6 sagada çenli gysgaldy. Häzirki wagtda bolsa bu wagt 3 sagatdan hem az boldy. Hünärmenler bu wagty has-da gysgaltmak mümkinçilikleri barada oýlanýarlar. Baýkonurdan «Ýeňiş raketasynyň» uçuşyna tomaşa etmek üçin rekord derejede syýahatçy ýygnandy — «Roskosmosyň» berýän maglumatlaryna görä, olaryň sany 2500-den az bolmady.

«Soýuz MS-27» kosmonawtlar toparynyň düzümine «Roskosmosyň» kosmonawtlary Sergeý Ryžikow, Alekseý Zubritskiý we NASA-nyň astronawty Jonatan Kim girýär. Olaryň missiýasy 245 gün dowam eder — bu bolsa adaty missiýalardan iki aý köp. Russiýaly kosmonawtlar açyk kosmosa iki gezek çykmagy meýilleşdirýärler, iki sany rus ýük gämisini kabul ederler we 40-dan gowrak ylmy-barlag işlerini geçirerler. NASA-nyň astronawty Jonatan Kim bu uçuşa Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda baglaşylan çalşyk uçuşlarynyň çäginde gatnaşdy. Bu meýilnama ýene bir ýyl dowam etdiriler. Şeýle hem habar berlişi ýaly, rus kosmonawty Oleg Platonow 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda meýilleşdirilýän «Crew Dragon» gämisiniň kosmonawtlar toparyna goşuldy. Geljek ýylyň birinji ýarymynda bolsa Ilon Maskyň kompaniýasynyň gämisinde kosmos uçuşyna rus kosmonawty Oleg Artemýew gatnaşar. Uçuşyň öňüsyrasynda «Roskosmos» we NASA arasynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine uçarmanly maksatnamalarynyň orbitada ösdürilmegi hem-de Aý bilen baglanyşykly maksatnama girizildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

09:40 Oktýabr 02, 2026
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

09:00 Oktýabr 02, 2026
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026