HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkekde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi

Aprel 10, 2025 | 17:00 |4342
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň  30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň  30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy.

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi.

1

Çäräniň çäklerinde mugallymlaryň, talyplaryň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

2

Ilçihananyň başlangyjy bilen guralan umumy sapagyň dowamynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanan möhüm üstünlikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän ileri tutulýan başlangyçlary we özara gyzyklanma döredýän meseleler barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler aýratyn nygtaldy.

3

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň döwrebap konsepsiýasy hökmünde hödürlenen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ýörelgäniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

4

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistan barada wideoşekilli film görkezildi, şeýle hem ýurduň medeni we taryhy mirasyny beýan edýän ýörite sergi guraldy.

5

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026