Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygyna iş saparyny amala aşyrdy

Aprel 09, 2025 | 08:40 |5089
Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygyna iş sapary amala aşyrdyGolaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygyna iş sapary amala aşyrdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygyna iş sapary amala aşyrdy. Bu barada "TDH" habar berýär.

1

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen hem duşuşygy boldy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy.

2

Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdy.

3

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026