HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa bilen Türkmenistan parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär

Aprel 06, 2025 | 19:00 |5648
6-njy aprelde Daşkentde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy6-njy aprelde Daşkentde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Çeşme: council.gov.ru

6-njy aprelde Daşkentde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 150-nji Assambleýasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

Pursatdan peýdalanyp, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň baýramçylyk dabarasynda Türkmenistandan ýokary derejeli myhmanlara Moskwada garaşylýandygyny aýratyn belläp geçdi.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, şu ýyl türkmen tarapynyň ozalky SSSR-iň ähli 15 respublikasynyň halklarynyň wekilleriniň, ýeňijileriň nesilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek “Hatyra otlusy” (“Поезд Памяти”) medeni-bilim taslamasyna goşulmak baradaky çözgüdini goldady.

спикер СФ РФ Валентина Матвиенко.jpg

Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň dekabrynda iki ýurduň parlamentarileriniň birnäçe möhüm çärä – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly forumyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ikinji Parlamentara forumyna hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyna gatnaşmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Geljekki forumlaryň esasy taraplaryny öwrenmek üçin Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen parlament toparlarynyň birinji mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Walentina Matwiýenko täze parlamentara ylalaşygy taýýarlamaga girişmek başlangyjy bilen çykyş etdi diýip, Federasiýa Geňeşiniň web sahypasynda habar berilýär.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowany Russiýa resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

спикер Парламента Туркменистана Гулманова.jpg

Dünýägözel Gulmanowa türkmen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Walentina Matwiýenkonyň adyna ýollan mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen-rus gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belledi. Dünýägözel Gulmanowa ikitaraplaýyn parlamentara ylalaşygy işläp düzmek we ony baglaşmak üçin gyzyklanmasyny tassyklady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat hatyna mynasyp boldy

09:40 Oktýabr 02, 2026
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti emeli aňly sanly platformany işe girizdi

09:00 Oktýabr 02, 2026
Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

Honor kompaniýasy Magic 9 Pro Max superflagmany dünýä bazaryna çykardy

22:50 Oktýabr 01, 2026