HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDU-da ekologiýa bilimi boýunça geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

Aprel 07, 2025 | 18:30 |4775
Şu gün 7-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi boldyŞu gün 7-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi boldy
Çeşme: education.gov.tm

Şu gün 7-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi boldy.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Wengriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Polşanyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Wýetnamyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň, Alžiriň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 74 sanagyndan jemi 180-den gowrak professor-mugallymlar we alymlar alyp barýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen gatnaşýarlar.

Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin we global derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi “Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny”, “Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary” hem-de “Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri” atly bölümlerde alnyp barlar.

Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda gurnalan gazanylan üstünlikleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026