HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Halkara söwda we hyzmatlar”: Täze işewürlik mümkinçilikleriň we uzak möhletleýin ösüşiň açary

Aprel 06, 2025 | 21:40 |38462
2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli Aşgabat ähmiýetli halkara çäräniň – “Halkara söwda we hyzmatlar” (ITSE 2025) atly serginiň we ýarmarkanyň geçirilýän ýeri bolar. Bu ýöriteleşdirilen meýdanýça, halkara bazaryna girmäge ymtylýan kiçi we orta kärhanalar üçin ýörite döredildi2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli Aşgabat ähmiýetli halkara çäräniň – “Halkara söwda we hyzmatlar” (ITSE 2025) atly serginiň we ýarmarkanyň geçirilýän ýeri bolar. Bu ýöriteleşdirilen meýdanýça, halkara bazaryna girmäge ymtylýan kiçi we orta kärhanalar üçin ýörite döredildi
Çeşme: turkmenexpo

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli Aşgabat ähmiýetli halkara çäräniň – “Halkara söwda we hyzmatlar” (ITSE 2025) atly serginiň we ýarmarkanyň geçirilýän ýeri bolar. Bu ýöriteleşdirilen meýdanýça, halkara bazaryna girmäge ymtylýan kiçi we orta kärhanalar üçin ýörite döredildi. ITSE 2025 halkara söwda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, geljegi bolan bazarlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak we eksporty höweslendirmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Sergi gatnaşyjylara işewürlik gözýetimlerini giňeltmek, gymmatly işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de söwda we hyzmatlar pudagynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin aýratyn mümkinçilikleri döreder.

ITSE 2025 kärhanalara, maýadarlara we telekeçilere esasy mümkinçilikleri hödürleýär. Gatnaşyjylar aşakdakylara gatnaşyp bilerler:

Täze bazarlara çykmak we söwdä torlary giňeltmek;

Halkara satyn alyjylar, üpjün edijiler we distribýutorlar bilen göni aragatnaşygy ýola goýmak;

Önümlerini, hyzmatlaryny we innowasiýalaryny dünýäniň auditoriýasyna hödürläp;

Netijeli networking sessiýalaryna şeýle hem B2B we B2G duşuklar.

Sergi azyk we oba hojalygy, harytlar we hyzmatlar, elektron söwda, sarp ediş harytlary, senagat önümleri, hünär hyzmatlary, senetçilik we döredijilik pudaklaryny ýaly ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.

ITSE 2025-de halkara başlangyşlary ýaýbaňlandyrmaga ymtylýan eksportçylar we önüm öndürijileri, täze önümler we üpjün edijiler bilen gyzyklanýan bölek we lomaý torlary, müşderileri, elektron söwda telekeçileri we innowasion çözgütleri hödürleýän tehnologiýa ýolbaşçylary üçin mümkinçilik gözleýän söwda bilermenlerini we işewür maslahatçylary duşuşýar.

ITSE 2025 – bu kärhanalar, maýadarlar we işewürlik üçin täze bazarlary açmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de uzak möhletleýin ösüş üçin ygtybarly hyzmatdaş tapmak üçin aýratyn meýdançadyr.

Has giňişleýin maglumat almak we gatnaşmaga hasaba alynmak üçin ýüz tutup bilersiňiz:

• Telefon: +99363718543; +99363719588

• Email: itse@turkmenexpo.com

• Web sahypa: itse.turkmenexpo.com

ITSE 2025-iň bir bölegi boluň we öz işewürligiňizi halkara giňişliginde görkeziň!

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026