HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ilkinji gezek: "Halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi" atly halkara maslahat

Aprel 06, 2025 | 21:00 |33130
2025-nji ýylyň 29–30-njy aprelinde Aşgabatda möhüm halkara çäre – “Türkmenistanda halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi” (QACIS 2025) atly maslahat geçiriler. Bu maslahat sanly ykdysadyýetde we dünýä derejesindäki bäsdeşlik şertlerinde halkara ülňüleriň ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli platforma bolar.2025-nji ýylyň 29–30-njy aprelinde Aşgabatda möhüm halkara çäre – “Türkmenistanda halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi” (QACIS 2025) atly maslahat geçiriler. Bu maslahat sanly ykdysadyýetde we dünýä derejesindäki bäsdeşlik şertlerinde halkara ülňüleriň ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli platforma bolar.
Çeşme: turkmenexpo

2025-nji ýylyň 29–30-njy aprelinde Aşgabatda möhüm halkara çäre – “Türkmenistanda halkara ülňülere laýyklykda hil üpjünçiligi” (QACIS 2025) atly maslahat geçiriler. Bu maslahat sanly ykdysadyýetde we dünýä derejesindäki bäsdeşlik şertlerinde halkara ülňüleriň ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli platforma bolar.

Maslahatyň maksady – sertifikasiýa ulgamyny ösdürmek, döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we halkara guramalaryň arasynda tejribe alyşygyny, hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.

QACIS 2025 maslahatyna ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Awstraliýa, Slowakiýa, Müsür, Mongoliýa we Gazagystan ýaly ýurtlardan öňdebaryjy bilermenler bilen bir hatarda Global G.A.P., OEKO-TEX, Control Union, Bureau Veritas (выступление по вопросом), SGS, World Halal Trust ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşar. Şeýle hem World Halal Expo 2025 we Bütindünýä Halal Sammitiniň ýolbaşçylary çykyş ederler.

Maslahata gatnaşýanlar ISO 9001, ISO 22000, ISO 14001, ISO 45001 ýaly ülňüleriň önümçilikde we hyzmatlarda orny, şeýle hem nebit-gaz, gurluşyk, azyk senagaty, saglygy goraýyş we ekologiýa ýaly ugurlarda standartlaşdyrma meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem B2B we B2G görnüşinde iş duşuşyklary guralyp, hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri dörediler.

Bu halkara forum – halkara bazarda hilli önümleri we hyzmatlary ösdürmek, işewürligi täze derejä çykarmak üçin uly ädimdir.

Habarlaşmak üçin:

• +993 71 87 18 14 / +993 63 71 95 88

• 📧 qacis@turkmenexpo.com

• 🌐 qacis.turkmenexpo.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026