Tokioda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan medeni forum geçirildi


4-nji aprelde Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçihanasy Ýaponiýanyň dostlukly alyş-çalyş geňeşi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan medeni forum geçirildi.
Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna esaslanýan ýurduň daşary syýasat ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny belledi. Bu bolsa BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir.

Ilçi Ýaponiýanyň Hökümetine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy we goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Foruma gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
ORIENT








