HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň “Известия” multimediýa maglumatlar merkezi “Beýik Ýeňiş” atly wirtual interaktiw muzeýini döretdi

Aprel 03, 2025 | 12:25 |3278
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Russiýanyň «Известия» multimediýa maglumatlar merkezi Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Beýik Ýeňiş” atly wirtual interaktiw muzeýi işläp başlady.2025-nji ýylyň 31-nji martynda Russiýanyň «Известия» multimediýa maglumatlar merkezi Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Beýik Ýeňiş” atly wirtual interaktiw muzeýi işläp başlady.
Çeşme: e-cis.info

2025-nji ýylyň 31-nji martynda Russiýanyň «Известия» multimediýa maglumatlar merkezi Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Beýik Ýeňiş” atly wirtual interaktiw muzeýi işläp başlady.

Bu özboluşly ajaýyp taslama döwrebäp wizualizasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen döredilip, ulanyjylara taryhy wakalaryň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berýär. Muzeý “Ýeňşiň Gahrymanlary”, “Janly taryh”, “Ýeňşiň Ýaraglary”, “Ýeňişli Söweşler”, “Ähli zat Ýeňiş üçin”, “Goşun Serkerdeleri” hem-de “Известия”-nyň garaýşy bilen Ýeňiş” ýaly ýedi sany tematiki zaly öz içine alýar.

Her bir zalda özboluşly arhiw materiallar, harby tehnikanyň 3D modelleri, interaktiw kartalar we harby habarçylaryň janly foto suratlary, şeýle hem weteranlar bilen geçirilen söhbetdeşlikler ýygnalan. Mysal üçin, “Ýeňşiň Ýaraglary” atly zalda adamlar uçarlaryň, tanklaryň we 3600 formatyndaky atyjy ýaraglaryň 3D modellerini synlap bilerler.

“Ýeňişli Söweşler” bölüminde interaktiw kartalar hödürlenip, olaryň üsti bilen ulanyjylar strategiki ähmiýetli söweşler barada we sowet esgerleriň ulanan söweş tärlerini öwrenip bilerler.

Sergi yzygiderli täzelenip durar, onuň käbir elementleri bolsa eýýäm tutuş ýurduň media fasadlarynda görkezilýär. Bu bolsa taryhy maglumatlaryň elýeterliligini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026