ŞHG-nyň Sekretariatynda Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi


2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Pekindäki Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Sekretariatynda «Nowruz-2025: däp-dessurlaryň sazlaşygy we durnukly ösüş» atly baýramçylyk kabul edişligi geçirildi. Çärä ŞHG-nyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew, Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý, ŞHG-nyň Hytaýyň goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary Suý Li, Hytaý-ŞHG sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň Synag zolagynyň Partiýa iş toparynyň sekretary Çžan Sinçu, şeýle hem gurama agza döwletleriň, synçy ýurtlaryň we hyzmatdaşlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
ŞHG-nyň Baş sekretary öz çykyşynda Nowruzy ýagşylygyň dabaralanmagynyň, adamlaryň bol hasylly ýyl, abadançylyk, rowaçlyk we parahat durmuş baradaky umytlarynyň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi. Ol şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmeginiň 15 ýyllygynyň, Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenýändigini nygtady. Bu şanly seneleriň ŞHG-nyň Durnukly ösüş ýyly bilen utgaşyp, ýurtlarda we halklaryň arasynda parahatçylyk, ylalaşyk we agzybirlik ýagdaýynda ýaşamagyň möhümdigini ýene-de bir gezek ýatladýandygyny belläp geçdi. Nurlan Ýermekbaýewiň sözlerine görä, Nowruzyň ruhy «şanhaý ruhy» bilen sazlaşýar we esasan hem deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýaly esasy ýörelgelere laýyk gelýär. Şoňa görä-de, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň köpdürlüligini hormatlamak, ynamy pugtalandyrmak hem-de ŞHG agza ýurtlaryň dostluk we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmek ugrunda tagalla etmäge taýýardygy nygtaldy. Öz gezeginde, Li Hueý ŞHG agza halklaryň «şanhaý ruhuna» eýerip, Nowruzy bagt, abadançylyk, agzybirlik we rowaçlygyň nyşany hökmünde medeni alyş-çalyşyklaryň hem-de halklaryň ýakynlaşmagynyň möhüm wakasyna öwürýändiklerini belledi. Çärä gatnaşyjylara BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş wideo-gutlag bilen ýüzlendi.
Resmi dabaranyň ahyrynda ŞHG agza döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de Merkezi millilikler uniwersitetiniň toparynyň gatnaşmagynda milli aýdym-saz we tanslaryň ajaýyp konserti geçirildi. Hususan-da, ýörite gurlan pawilýonlarda Guramanyň agza ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Baýramçylyk myhmanlary bolsa dürli halklaryň milli tagamlaryndan dadyp görmäge mümkinçilik aldylar.








