Türkmenistan Samarkantda geçirilýän III sebitara seminara wekilçilik adýär


2-nji aprelde, kriosfera we howanyň üýtgemegi boýunça milli we sebitleýin hereketleriň meýilnamalary boýunça III sebitara seminar Samarkand şäherinde öz işine başlady.
Seminar, Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň strategiki eko-maksatnama hereketlerini ösdürmegiň usulyýetine laýyklykda ÝUNESKO-nyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny güýçlendirmek maksady bilen, kriosfera ulgamynyň bahalandyrlyşynda sebitleýin hyzmatdaşlyga goldaw bermek arkaly durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça toplumlaýyn usullary işläp düzmek” atly taslamasynyň çäginde geçirilýär.
Seminaryň meýdançasyna kriosferanyň ylmy barlagy boýunça bilermenler, şeýle hem Şweýsariýanyň Friburga uniwersitetiniň ylmy işgärleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň adyndan bu möhüm çärä daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri ministrlikleriniň öňdebaryjy hünärmenleri we bilermenleri hem-de bu ugurdaky ýokary okuw jaýlarynyň alymlary wekilçilik edýärler.
Seminaryň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Özbegistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Sara Noşadi we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Seminaryň birinji gününiň çäklerinde anyklaýjy seljeriş işleriniň başlanylmagy, Milli we Strategiki Hereketleriň Meýilnamasynyň taýýarlanyş tapgyrynyň tanyşdyrylyşy bilen baglanyşykly sessiýalar geçirildi. Bu taslama gatnaşyjylaryň geljekki hereketleri barada pikir alyşmalar bilen utgaşdyrylan açyk dialog aýratyn gyzyklanma döretdi.
Bu seminar, 2023-nji ýylda Almaty we Aşgabatdaky sebitleýin seminarlarda başlanan öňki çekişmeleriň dowamy bolup hyzmat edýär. Taslamanyň esasy maksady, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň uýgunlaşma mümkinçiligini güýçlendirmek: Gazagystan, Gyrgyzystan Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan howanyň üýtgemeginiň kriosfera täsirine baha bermek, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we gyzyklanýan taraplar bilen özara gatnaşyk arkaly täsir edýär.
Şeýle hem, buzluklar, hemişelik doňaklyk we gar örtügi ýaly kriosfera baradaky bilimleri birleşdirmegi, maglumatlary ýygnamak we seljermegiň gowulandyrylmagy arkaly aşaky akymlara edýän täsirlerine düşünmek we sebitleýin gyzyklanýan taraplara netijeli çözgütleri kabul etmek we durnuklylygy ýokarlandyrmak strategiýalaryny ösdürmek üçin zerur maglumatlary bermäge gönükdirilendir.
ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýadaky kriosfera baradaky täze taslamasynyň sebitimiziň ýurtlarynyň kriosfera gözlegleri, howanyň üýtgemegi, kriosfera gözegçiligi baradaky möhüm pikirleri gözden geçirmek, hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm orny eýeleýändigini bellemek möhümdir, bu taslama maglumatlary ýygnamaga we alyş-çalyş etmäge we geljekki ösüş ugurlary üçin esaslary işläp taýýarlamaga ýardam berýändigini bellemek möhümdir.
Ertir, 3-nji aprelde, seminar “Synag taslamalary üçin ideýalar” atly sessiýa bilen öz işini dowam eder ýagny onda gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri ÝUNESKO-nyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli derejede ylalaşylan çäreler boýunça çykyş ederler.
ORIENT news








