HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNISEF we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy täze hyzmatdaşlyga başlaýar

Mart 31, 2025 | 23:50 |4502
ÝUNISEF we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanda çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny üpjün etmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmek üçin täze hyzmatdaşlygy ýola goýýarlarÝUNISEF we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanda çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny üpjün etmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmek üçin täze hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

ÝUNISEF we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanda çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny üpjün etmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmek üçin täze hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň dowamynda başlanan bu hyzmatdaşlyk ýurtda saglygy goraýyş, bilim, çagalary goramak we durmuş ulgamynyň ösüşinde möhüm ädimdir.

2.jpg

“Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi goldawa mätäçlere hemaýat bermek däbiniň oňat nusgasydyr. 2021-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri bu gazna tutuş ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini berip gelýär.Biziň üçin, ÝUNISEF-de, Gaznanyň 4 ýyllygy mynasybetli onuň bilen hyzmatdaşlyk ýola goýmak uly hormatdyr.” – diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna aýtdy.

Mundan başga-da, ÝUNISEF Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Halkara maslahaty dünýäniň bilermenleri üçin şol sanda ÝUNISEF-iň sebitleýin edarasynyň bilermenleri we hünärmenleri, syýasatçylar we hyzmatdaşlar üçin çagalaryň hukuklary we abadançylygy barada pikirlerini hem-de tejribelerini alyşmak üçin meýdançany üpjün etdi.

“ÝUNISEF her bir çaganyň goragly, bilimli we hukuklarynyň doly üpjün edilýän geljegini gurmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti, ministrlikleri we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hymatdaşlygyny dowam etdirmäge ygrarlydyr” diýip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026