HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara gatnaşyklary instituty gutardyş synp okuwçylary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Aprel 01, 2025 | 18:20 |3254
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty gutardyş synp okuwçylaryny şu ýylyň 1-nji aprelinde sagat 09:00-da, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýarTDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty gutardyş synp okuwçylaryny şu ýylyň 1-nji aprelinde sagat 09:00-da, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Çeşme: iirmfa.edu.tm

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty 2025 — 2026-njy okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny hem-de Arkadag şäherindäki mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny şu ýylyň 1-nji aprelinde sagat 09:00-da, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu barada TBM habar berýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron-terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Welaýatlardan okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin:

Ahal welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji, 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da Türkmenistanyт Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;

Balkan welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda;

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin — 1-nji we 14-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin tel: 26-61-13.

Maglumat almak üçin institutyň web sahypasy: www.iirm­fa.edu.tm

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026