HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Аşgabatda NomadMania gatnaşyjylarynyñ duşuşygy geçirildi: syýahatçylar üçin täze mümkinçilikler

Mart 29, 2025 | 09:30 |5093
Düýn Aşgabatda NomadMania syýahatçylar birleşigine gatnaşyjylarynyñ ilkinji duşuşygy geçirilip, ol tejribeli syýahatçylary hem-de syýahatçylyk pudagynyñ wekillerini birleşdirdiDüýn Aşgabatda NomadMania syýahatçylar birleşigine gatnaşyjylarynyñ ilkinji duşuşygy geçirilip, ol tejribeli syýahatçylary hem-de syýahatçylyk pudagynyñ wekillerini birleşdirdi
Çeşme: orient.tm

Düýn Aşgabatda NomadMania syýahatçylar birleşigine gatnaşyjylarynyñ ilkinji duşuşygy geçirilip, ol tejribeli syýahatçylary hem-de syýahatçylyk pudagynyñ wekillerini birleşdirdi.

Çäre hem syýahat bilen meşgullanýan türkmenistanlylar, hem-de daşary ýurtly syýahatcylary çekmek isleýän ýerli syýahatcylyk kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri açyp berdi.

NomadMania bu halkara syýahatcylar kluby bolup, onuñ hasabynda 35 000 gatnaşyjysy bar. Platforma baryp görlen ýerleri yzarlamak, täze ugurlary meýilleşdirmek hem-de pikirdeşler bilen gatnaşyk üçin amatly gurallary hödürleýär. Türkmenistanly syýahatçylar üçin NomadMania jemgyýetçiligine gatnaşmak global bileleşige goşulşmak mümkinçiligini açyp, tejribe alyşmaga, syýahat üçin täze ugurlary gözläp tapmaga hem-de tejribeli dünýä keşp edijilerinden synagdan geçen maslahatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleri, öz gezeginde bolsa, ýurda gelmek isleýän daşary ýurtly syýahatcylar bilen aragatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligini alarlar.

Duşuşygyñ başlangyjyny ýola goýan dünýäniñ 100-den gowrak ýurduna baryp gören NomadMania-nyñ Merkezi Aziýadaky ilçisi Akbäbek Taganowa boldy. Ol çäräni Türkmenistanda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlady.

Duşuşygyñ esasy maksady türkmenistanly syýahatçylary birleşdirip, olary NomadMania mümkincilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de ýurtda syýahatçylyk jemgyýetciligine goldaw bermekdir.

Duşuşyk türkmen syýahatçylary üçin global jemgyýetçiligie goşulyşmaga, täze syýahatlar üçin ylham tapmaga we ugurlaryñ netijeli meýilleşdirilmegi barada öwrenmäge pursat döretdi. NomadMania gatnaşmaklyk dünýäni oýlanyşykly öwrenmäge, tejribeli syýahatçylardan maslahatlary almaga hem-de tanymal dünýä öwrenijileriñ sanawyna girmek üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyñ syýahatçylyk kompaniýalary üçin bu ýurt bilen tanyşmak isleýän, emma nämeden başlajagyny bilmeýän daşary ýurtly syýahatçylary çekmek mümkinçiligidir. NomadMania arkaly olar mümkin bolan syýahatçylary tapyp, ugurlary teklip edip hem-de Türkmenistany özboluşly syýahatçylyk ugry hökmünde hödürläp bilerler.

NomadMania hasaba durmak mugt esasda amala aşyrylýar. Syýahatcylyk gollanmasy adamlara syýahatlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär: oña görä nirä gidip, nämeleri görüp bolýandygyny kesgitläp bolýar. Şol ýerde akkaunt döredip, baryp görlen ýerleriñ sanawyny düzüp hem-de bütin dünýäniñ beýleki syýahatçylary bilen gatnaşyk saklap bolýar.

Ilki başda 2012-nji ýylda girizilip, 2017-nji ýylda täzeden girizilen NomadMania, hasaba alnan täjirçilik däl gurama bolup, onuñ maksady dünýä baradaky bilim berijilik hem-de adamlara syýahatçylykda kömek bermek işidir.

Şeýle hem, NomadMania bu ýeke-täk platforma bolup, onda sanawa girizilen syýahatçylar barlagdan geçýärler. Bu hem olaryñ haýyş eden syýahatlarynyñ anyklygyny kepillendirýär.

Platforma öz gatnaşyjylaryna köpsanly möhüm artykmaçlyklary hödürleýär. Olaryñ esasylary:

Beýleki höwesjeñ syýahatçylar bilen aragatanşyklary ýola goýmaga ýardam berýän amatly platforma we kömek berýän jemgyýetçiligi;

NomadMania saýty ýa-da gollanmasy arkaly syýahatlaryny yzarlamak mümkinçiligi;

Jemgyýetçiligiñ içinde dogrulyga we ynanyşmaga ýardam berýän özboluşly we ynamly werifikasiýa ulgamy;

Syýahatçylyk baradaky bilimlere, bilim serişdelerine we peýdaly maslahatlaryñ giñ kitaphanasyna elýeterlilik;

Geljekki syýahatlary meýilleşdirmek gurallary, şeýle hem syýahatcylyk we ugur kartalaryny çap etmek hem-de olar bilen paýlaşmak mümkinçiligi;

1301 sebiti öz içine alýan Masterlist NomadMania we adaty däl hem-de syýahatcylyk däl ugurlaryny hödürleýän M@P sanawy («Many Quirky Places») ýaly özboluşly funksiýalar arkaly täze syýahatçylyk üçin ylham;

Dürli toparçalar boýunça guralan «Series» sanawlar arkaly syýahatçylyk üçin goşmaça ideýalar;

Ýerli syýahatçylyk operatorlaryñ, syýahatçylyk agentleriñ we beýleki serwis prowaýderleriñ synagdan geçen sanawyna elýeterlilik;

Beýleki syýahatcylar bilen bilelikde çärelere, duşuşyklara we syýahatlara gatnaşmak mümkinçiligi;

Syýahatlarda gazanan üstünlikler üçin ykrarnama, şeýle hem saýtda, täzelikler iberişlerinde we sosial ulgamlarda görkezilmek mümkinciligi;

Syýahatçylyk we beýleki ugurlarda gazananlaryny belleýän her ýylky özboluşly çäresi bolan NomadMania Travel Awards-a dalaş etmek hem-de ses bermek mümkinçiligi;

Ýerli jemgyýetçiliklere oñaýly täsir edýän taslamalary goldamak mümkinciligi;

Syýahatlar barada gyzykly täzelenişler, peýdaly maglumatlar bilen yzygiderli täzelik iberişleri we söhbetdeşlikler;

24 sagadyñ dowamynda jogap berýän hem-de şahsylaşdyrylan we çalt serwisi üpjün edýän başarjañ topara goldaw bermek.

Giñişleýin maglumatlar we hasaba durmak üçin https://nomadmania.com/about/ saýtyna geçiñ.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026