Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desgasy döwrebaplaşdyrylýar


Türkmenistanda demir ýol ulgamynyñ maddy-tehniki binýadynyñ berkidilmegi dowam eder. Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy şäheriniñ demir ýol menziliniñ infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyñ çäklerinde wagonlary arassalaýjy desgasynyñ durkunyñ täzelenmegi meýilleşdirilýär.
Bu barada Ministrler Kabinetiniñ mejlisiniñ barşynda Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiñ baş direktory M.Çakyýew hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyñ garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwrebap demir ýol ulagy pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň möhümdigini belledi hem-de demir ýol menzilleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna görä guramak boýunça tabşyryk berdi. Teklibi makullap, döwlet Baştutany Agentlige bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.








