HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ýaş terjimeçiler bilen duşuşyk guraldy

Mart 30, 2025 | 22:30 |6595
29-njy martda “Diller Dünýäsi” dil merkezinde terjimeçilik işi we onuň tärleri boýunça ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi29-njy martda “Diller Dünýäsi” dil merkezinde terjimeçilik işi we onuň tärleri boýunça ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

29-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky "Ýaş Telekeçiler" merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziniň hem-de "Nusga Consulting" bilim boýunça maslahat beriş kärhanasynyň bilelikde guramaklarynda “Diller Dünýäsi” dil merkezinde terjimeçilik işi we onuň tärleri boýunça ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi.

1

Bu duşuşyga Aşgabat şäheriniň höwesjeň ýaşlary hem-de terjimeçilik işi bilen gyzyklanýan we ony öwrenýän birnäçe ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriň talyplary işjeň gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy, pedagog, terjimeçi Merdan Ataýew şeýle-de "Aşgabat" teleýaýlymynyň bölüm müdiri, ýazyjy, şahyr Oguljennet Bäşimowa we beýlekiler öz iş tejribesi boýunça täsirli çykyşlary etdiler.

2

Çykyşlarda dilden we ýazmaça terjime, resminama terjimeleri, syýahatçylyk, saglyk, inženerlik ugurlarda terjimeçilik işi ýaly temalarda ýaş terjimeçiler üçin peýdaly boljak gyzykly gürrüňler edildi.

Bu ýere ýygnanan ýaş terjimeçiler halypalaryň beren maslahatlaryny ünsli diňlemek bilen, bu ugruda özlerini gyzyklandyrýan sowallara kanagatlanarly jogap aldylar.

3

Duşuşyk diňe bir çykyşlardan we sowal jogaplardan ybarat bolman, eýsem, terjimeçilik işine höwesjeň ýaşlaryň özara pikir alyşmaklary üçin hem täsirli meýdança boldy.

Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki ussat terjimeçileriň kemala gelmeginde örän ähmiýetlidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026