HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgeni “WWFC 24”-de garşydaşyny 1-nji döwde ýeňmegi başardy

Mart 30, 2025 | 20:00 |6734
2025-nji ýylyň 29-njy martda Ukrainanyň Kiýew şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “WWFC 24” halkara professional türgenleriň tutluşygy geçirildi2025-nji ýylyň 29-njy martda Ukrainanyň Kiýew şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “WWFC 24” halkara professional türgenleriň tutluşygy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Ukraina Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň 29-njy martda Ukrainanyň Kiýew şäherinde MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “WWFC 24” halkara professional türgenleriň tutluşygy geçirildi. Bu ýaryş WWFC (World Warriors Fighting Championship) ligasynyň täze möwsüminiň bir bölegi hökmünde dowam etdi.

1

Oňa Türkmenistanly, Ukrainaly, Moldowaly we Azerbaýjanly MMA söweşijileri öz başarnyklaryny görkezdiler. Tutluşyk “Kiýewstar” teleýaýlymynda göni efirde berildi.

2

Agzalan tutluşyga Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginde doglan, Ukrainanyň Milli tehniki uniwersitetiniň Harkow politehniki institutynyň uçurymy Babageldi Halymow hem 83,9 kg agramda gatnaşyp, garşydaşy Ýakow Anufriýewi 1-nji döwde agyrdyjy emel bilen wagtyndan öň ýeňmegi başardy.

3

Tehniki we çydamly türgen B.Halymow MMA ýaryşlarynda, we jiu-jitsu çempionatlarynda üstünlikli bäsleşip gelýär.

4

Bellemeli ýeri, B.Halymow 01.03.2025 ý. geçirilen MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça “FCFC Fight night 7” halkara professional türgenleriň tutluşyga hem 83,9 kg agramda gatnaşyp, garşydaşy Ýewgen Droboty 1-nji döwde agyrdyjy emel bilen wagtyndan öň ýeňmegi başardy.

5

B.Halymow bu gezekki geçen tutluşygynda hem Türkmenistanyň adyndan çykyş edip, ýeňijileriň yglan ediliş dabarasynda egnine Milli ýaşyl tugumyzy alyp we milli türkmen silkme telpegini geýip gatnaşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026