HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşdy

Mart 29, 2025 | 10:14 |6518
28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi
Çeşme: tdh.gov.tm

28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşykda ynsanperwer ugurly döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň çäginde çagalaryň saglygyny goramagyň we ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri alyp barmagyň bu Gaznanyň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömekleri bermekdäki işine aýratyn üns berildi. Hususan-da, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik kömeginiň iberilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

1

Soňra Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyň iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen we eýran halklaryny taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär.

Gazna tarapyndan ýeňil bolmadyk durmuş ýagdaýyna düşen çagalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine, olaryň jemgyýete goşulyşmaklaryna, özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen goldaw-kömekleriň berilýändigine üns çekildi.

2

28-nji martda şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny bejermek, şeýle hem lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilen maliýe serişdelerini bölüp bermek yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Doganlyk ýurduň Saglygy goraýyş ministri gaznanyň işine ýokary baha berip, bu işleriň Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly we sagdyn ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň anyk görkezijisi bolup durýandygyny belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026